PARAHATLYGYŇ SURATY

Günlerde bir gün halky tarapyndan halanýan bir korol suratkeşleriň arasynda parahatlygyň suratyny iň owadan şekilde kim çekip bilse, şoňa ullakan baýrak berjekdigini yglan edýär. Ýaryşa iňňän köp suratkeş gatnaşýar. Telim günläp işlenýär, owadandan owadan suratlar çekilýär. Netijede, herkim öz çeken suratyny köşge tabşyrýar.
Suratlara göz aýlap çykan korol olaryň ikisini diýseň halaýar.
Suratlaryň birinde asuda köl şekillendirilipdir. Köl edil aýna ýaly dury, töweregini gurşap oturan daglaryň suratyny görkezip dur. Ýokary tarapda ap-ak bulutlar asman giňişligini bezäp durlar. Surata sereden adamlar onuň juda owadan suratdygyny aýtman geçmeýärdi.
Beýleki suratda-da daglar bardy. Emma olar somalyşyp duran çyplak gaýalardy… Ýokary tarapdaky gazaply bulutlardan bolsa ýagyş guýup dur, ýyldyrymlar çakýar. Dagyň eteginde-de köpürjikläp, şaglawuk akyp dur. Garaz, surat kändir parahatlygy aňlatmaýan ýalydy. Ýöne korol şaglawugy üns berip synlanda, onuň aňry ýüzünde, dagyň bir oýugynda gögerip oturan gyrymsy agaja gözi kaklyşýar. Agajyň üstünde kiçijik höwürtge görünýärdi, ene guş ony basyryp ýatyrdy. Bu goh-galmagally manzaryň edil ortarasynda bir ene guş öz höwürtgesini goramagyň aladasyndady.
Parahatlygyň, asudalygyň suratyny diýseň ajap çekipdir…
Baýragy ikinji suratkeş gazanýar. Sebäbinem korolyň özi şeýle düşündirýär:
“Parahatlyk, goh-galmagalsyz ýa kynçylyksyz ýer diýmek däldir. Parahatlyk şoňňaly ýerde-de kalbymyzyň asuda, parahat bolmagydyr”.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s