Açlygyndan halys surnugan aýy,
Başga aw edere bolman ýagdaýy,
Ämter-sämter basyp, kenara iýndi,
Belli zat: suwda-da aw etmek kyndy.
Kümüşsow balyklaň gerşi görünýär,
Şapyrdadyp, ýüzüp barşy görünýär.
Açlyk ony öz erkine goýmady,
Nädip derýa gireninem duýmady.
Geriş-geriş tolkun onuň degresi,
Ol birden taýdy-da,
agyr göwresi
Öçli tolkunlaryň goýnuna düşdi,
Şeýdip, agyr synag boýnuna düşdi.
Näçe urunsa-da, suwy penjeläp,
Äkitdi tolkunlar goýnuna dolap…
Ol aýy hernäçe mekirem bolsa,
Içi durşy bilen pikirem bolsa,
Ösgün tüýli hamy özüne ýükdi,
Ol kä ýüze çykdy, käte demikdi.
Hut şo mahal suwda ýüzmäge ökde
Kişiler ýaňraşyp ol-bi zat hakda
Derýaň kenaryna baryp durdular,
Akyp barýan aýyny-da gördüler.
„Nämekä ol — derimi ýa possunmy?“
Diýip, biri bilmek üçin gyssandy.
Birdenem o bendäň nebsi otugyp,
Peýdasyny göz öňüne getirip,
Howpa duçar boljagyna bakmady,
Tolkunlaň goýnuna özün oklady.
Ýüzüp, çümüp, ýeteninde ýanyna,
Ony tanap, gorky düşdi janyna.
Biçäre aýa-da geregi şoldy,
Halasgärin görüp, hoşwagt boldy.
Aran ýaly penjelerne gysdy ol,
Hykyrdadyp, suw teýine basdy ol.
Ogar-ogar oýnap tolkunlar ara,
Dyzadylar çykjak bolup kenara.
Ýüzüjiň dostunyň alys kenardan
Gykylygy oňa eşdilýär zordan:
„Agyr bolsa, ol derini taşla-da,
Gaýt-da bärik, zat gyt däl-ä başga-da!“
„Deriden bizar-la, gitsin gümüne,
Kyn ýeri — ol meni salyp çemine,
Dolap alyp, sypdyrmasa, nädeýin?
Şeýleräk, gadyrdan, meniň ýagdaýym…“
Işiň soňun saýman, açgözlik eden
Adamyň öz nebsi başyna ýeter.