Pelsepeçi hem ýazyjy Arslan Kaýnardagyň, köne kitap satylýan dükanlar toplumynda ýerleşýän dükanyna gelen bir müşderi bir kitabyň adyny göz öňünde tutup:
– “Allanyň Pygamberi” barmy? – diýip soraýar.
Pelsepeçi Arslanam:
– Elbetde bar – diýýär.
Müşderi kitaby bermegini soraýar welin, bu gezek ýazyjy oňa:
– Ýok – diýip, jogap berýär.
Müşderi geňirgenip:
– Edil ýaňy bar diýdiňiz-ä – diýýär.
Şonda sahapçy soňky sözüni aýdýar:
– A nä, ýok diýsemidim?!
