Şahyr Süleýman Nazif dilewarlygy bilen meşhurdyr, ol “Hadysat” gezetini çykarýarka, onuň iş binasynyň ýokarky gaty-da Refig Jewad Ulunaýyň baş ýazyjy bolup işleýän “Älemdar” gazetiniň merkezi ofisi eken. Bir gün Refig Jewad ýokarky gatda öz işdeş ýoldaşy, ýazyjy Pälwan Kadry bilen göreşe tutluşýar.
Edil şol mahal Nazifiň dostlarynyň biri çaýa gelen eken, ol şonsuzam köne bolan binanyň yraň atyp başlanyny görüp:
– Halypa, bu güpürdi nämedir-ä? – diýip soraýar.
Nazif pursaty sypdyrarmy, şolbada jogaby ýelmeýär:
– Refig Jewad baş makalasyny ýazýar, dostum!
