Bir gezek Hasan Basra bir kişiniň özüniň gybatyny edeni mälim bolupdyr. Ol derew tabaga birnäçe hurma salypdyr-da, şol kişä ugradypdyr we tabagy alyp giden kişä:
— Sen oňa gazanan sogaplaryny meniň amal depderime gönderenini eşidenimi we şonuň öwezine şeýdip minnetdarlygymy mälim etmek islänimi, onuň hakyny bolmalysy ýaly edip ödäp bilmeýänim üçinem ötünç soraýanymy aýt — diýip tabşyrypdyr.
Bir gezek Hasan Basry şeýle diýipdir: «Bir wagtlar dört kişiniň, ýagny bir gorkagyň, bir serhoşyň, bir çaganyň, birem zenan maşgalanyň aýdany meni haýran galdyrypdy.
Günleriň birinde halanmaýan biri bilen gabatlaşamda, seňrigimi ýygryp, derrew ondan daşlaşmak bilen bolupdym. Şonda ol maňa ýüzlenip:
— Ussat, maňa seňrigiňi ýygyrma, halymyzyň nähili boljagy heniz anyk belli däl. Çünki biraz soňra näme boljagyny diňe Alla bilýär — diýipdi.
Başga bir gezek bolsa batgada ýykylyp-sürşüp ýol aşjak bolýan serhoşa:
— Eý, biçäre, aýagyň taýmaz ýaly, ony ýere usullyk bilen basjak bol — diýenimde:
— Sen maňa akyl öwredýärsiň welin, özüň beri ruhy saparyňda aýagyňy usullyk bilen basmagy başarýaňmy? Serhoşlygym zerarly ýykylsam, batga bulaşaryn-da, ýene ýerimden turup, soňra-da ýuwnup-ardynyp bilerin. Bu maňa kyn düşmez. Sen öz aýagyň taýmazlygynyň aladasyny et — diýen jogaby aldym. Onuň aýdan gymmatly sözleri mende uly täsir galdyrypdy.
Başga bir gezek hem ýanyp duran çyrany elinde tutup gelýän oglanjykdan:
— Bu aýdyňlygy nireden alyp gelýärsiň? — diýip soradym. Oglanjyk şonda üfläp, çyrany söndürdi-de:
— Indi sen maňa aýt: bu aýdyňlyk nirä sumat boldy? Onuň nirä gidenini aýtsaň, men hem ony nireden alyp gelýänimi aýdaýyn — diýipdi.
Ýene bir gezek hem ýüzi we elleri açyk bir owadan zenan bilen ýüzbe-ýüz boldum. Ol ýigrenjini gizlejegem bolman, öz ärinden zeýrenýärdi.
— Ilki bilen ýüzüňi ört — diýenimde, ol maňa şeýle diýdi:
— Bir ýaradylan kişä aşyk bolanym üçin, aňkam aşyp, akylymyň başymdan gidenini hem aňlamandyryn. Meni bu ýagdaýdan habardar etmedik bolsaň, şu durşuma bazara-da baryp bilerdim. Ýöne meniň arzymy diňleýärkäň, Allaha bolan söýgiň sebäpli, meniň açyk-saçyk geýnenim gözüňe ilmedik bolsa, şonda bize näme diýerdiler?
Onuň bu sözi maňa diýseň ýarapdy».
Hasan Basry bir gün dost-ýarlaryna ýüzlenip:
— Siz hezreti Pygamber alaýhyssalamyň sahabalaryna meňzeýäňiz — diýipdir. Olar bu sözleri eşidip, diýseň begenipdirler. Hasan Basry bolsa sözüni dowam edipdir:
— Men muny diňe daş sypatyňyzy göz öňünde tutup aýdýaryn. Eger siz sahabalary görsediňiz, onda olar gözüňize diwana bolup görnerdi. Eger olar sizi görsediler, onda siziň hiç biriňizi musulman saýmazdylar. Çünki olar öňden ýöreýärdiler, ýorga atyň üstünde ýol aşýardylar, guş kibi uçup, ýel kibi öwüsýärdiler. Biz bolsa arkasy ýagyr eşeklere münüp, yza galypdyrys.