ÇARLAK (4)

Dowamy…

II
Jonatan öz ýanyndan bu taýy uçmah bolmaly diýip pikir etdi we ýylgyranyny duýman galdy. Uçmah diýaryna täze uçup baran biri üçin, edil şu pursat duýgularyny daşyna çykarmak kyndy.
Jonatan nurana iki çarlak bilen egin-egne berip, bulutlaryň aňyrsyndaky dünýäden ― Ýerden uçup geleninde öz bedeniniňem parlaýandygyny gördi. Gözleri mydama hyjuwdan ýaňa ýanyp duran Jonatan, hanha, olaryň yzyna düşüp gelýär, onuň diňe daş keşbi üýtgäpdir.
Jonatanyň şol ozalky çarlaklygydy, ýöne indi öňküsinden biçak ýyldamdy. Ol içini gürledip: «Şu diýarda dünýädäki çeken azabymyň ýarysyny çeksem, tizligimi öňküdenem iki esse artdyryn, dünýädäkiden iki esse köp üstünlik gazanaryn» diýýärdi.
Indi onuň ýelekleri tylla çaýylan dek lowurdaýardy, ganatlary bolsa ýylmanan kümüş bölejigi dek ajaýyp görünýärdi. Ol uly höwes bilen üýtgeşik ganatlarynyň mümkinçiliklerini içgin öwrenmäge, olaryň üstünde has basa oturyp işlemäge başlady.
Jonatan tizligini sagatda iki ýüz elli mile ýetirende, uçup biljek iň ýokary tizlik derejesine golaý baranyny aňdy. Iki ýüz ýetmiş üç mil tizlige ýetende, uçup biljek tizliginiň aňrybaş çägine ýetdim öýdýän diýip pikir etdi-de, lapykeç boldy. Öňki ýeten tizliginiň derejesinden geçenem bolsa, täze bedeniniňem mümkinçilikleri çäklidi. Şol çäkden geçmek üçin, gaty uly güýç sarp etmeli boljakdy. Emma uçmahda çäklendirme diýlen zat bolmaly däl ahyry diýip, Jonatan öz ýanyndan iňkise gitdi.
Şol pursat birki çarlak bulutlaryň arasyndan peýda boldy-da: «Sag-aman gez, Jonatan!» diýip, gözden gaýyp boldy.
Jonatan asmana uzaýan ýylçyr-ýylçyr gaýalara bakan deňziň üstünden uçup barýardy. Uçut gaýalarda özüni şemalyň akymyna goýberen birki sany çarlak türgenleşik geçip ýördi. Birnäçesi bolsa, gözýetimde demirgazyga tarap uçup barýardy. Ynha, täze gözýetimler, täze pikirler we birtopar täze dörän sowallar… Ýöne bu ýerde näme üçin çarlaklar beýle azka?!Eýse, uçmah çarlak sürülerinden doly bolmaly dälmidi?! Näme üçin ol özüni beýle ýadaw duýýarka? Uçmahdaky çarlaklar ýadamaly däl, olar uky diýlen zady bilmeli däl.
Ýogsa-da ol öň uçmah barada eşidipmidi?! Dünýädäki durmuşy bilen bagly ýatlamalar barha hakydasyndan öçüşip barýardy. Durmuşda ol gaty köp zat öwrendi, ýöne, näme üçindir, bir döwüm çöregiň ugrunda sersepil bolup ýörüşleridir özüniň sürüden kowulmagy ýaly, hakydasyna birkemsiz ornan wakalaram indi ýarpy-ýalta göz öňüne gelip gidýärdi.
On-on iki sany çarlak onuň bilen görüşmek üçin kenara gelse-de, ýeke agzam gürlemedi. Jonatan diňe olaryň özüne ýat göz bilen seretmeýänini duýdy, bu ýer onuň öýüdi. Şol gün şeýle uzak bolup görnüpdi welin, bu tas Günüň haçan doganyny-da unutdyrypdy.
Jonatan gonmak üçin ýüzüni kenara tarap öwürdi. Ýere birki garyş aralyk galanda ganatlaryny galgadyp, emaý bilen gondy. Beýleki çarlaklaram kenara gondular, ýöne gonan mahaly olar ganatyny pasyrdatmadylar. Ýaldyrap duran ganatlaryny giňden gerip, asmanda gaýyp ýören ýerlerinden aýlaw görnüşinde ýerläp, usullyk bilen ýere gondular. Olar gonuş ýagdaýyna geçenlerinde, ganatlaryna eserdeňlik bilen erk edýärdiler. Jonatan geň galdy, emma şol wagt olaryň gonuş hereketini synlap görmäge ýagdaýy ýokdy, haly teňdi, endam-jany syrkyrap durdy. Şunlukda, ol argynlykdan usurgap, çägesöw kenarda aýak üstünde uklap galdy.
Mundan soňky sepleşip geçen günlerde Jonatan yzda goýup gaýdan dünýäsinde uçuş barada näçe zat öwrenen bolsa, azyndan şonçaragyny bu ýerde-de öwrenmelidigine düşündi. Ýöne o taýy bilen bu ýeriň arasynda şeýle tapawut bardy: bu ýerdäki çarlaklar onuň özi bilen pikirdeşdi. Bärdäkileriň durmuşdaky iň esasy maksady ― iň eý görýän pişeleri bolan uçmak babatda mümkinçilikleriniň çygryndan çykmak hem kämillige ýetmekdi. Olar ajaýyp çarlakdylar. Her gün ertirden-agşama çenli uçuş tilsimlerini özleşdirýärdiler, ukyplaryny ösdürýärdiler.

Riçard Bah

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s