Haýallady gargaň gözlerniň görşi,
Ýagdaýnyň gün-günden egbarlap barşy
Ony deňiz kenaryna getirdi,
Şor suw içip, zordan günün ötürdi.
Bir gün oň ýanyna bir hokgar gelip,
Şeý diýdi halyna dözmedik bolup:
“Näme, içip ýörsüň zirk ýaly suwdan?
Meň içýän suwumdan bir owurt ýuwdan,
Ony ömürboýy çykarmaz ýatdan,
Taşla şor deňizi, dyn bu azapdan.
Meň bolýan ýerimiň suwy ajaýyp,
Bar zady seňkiden gowy, ajaýyp.“
„Seniň bu sözlerňe ynanyp, birden,
Gidäýsem örkümi üzüp bu ýerden,
Aýrylyp bu ölmez-ödi mydardan,
Has kyn güne düşsem, neneň çydar men?
Özüň görüp dursuň, ýagdaý-halymy,
Saýgaramok hatda gitjek ýolumy.
Wada berýän süýji suwňa öwrenip,
Soň başlaryn öýdýän deňzi ýigrenip.
Sen-ä bir sergezdan, her gün bir ýerde,
Ahyry ýene men galaryn derde.
Bujagaz günümden dynmaz ýaly men,
Zyňaýyn kalbymdan ham-hyýaly men.
Aklym ýitirmäýin aldanyp sözňe,
Aňkawy başgarak bir ýerden gözle”.
Abdyrahman Jamy, “Hekaýatlar”