
Kömek Kuly (hekaýa)
Bu ýönekeý waka geçen asyryň başlarynda bolup geçipdi.
Öz ýanyndan bireýýäm ýigit çyksa-da, entek oglanlyk höwesinden el üzmedik Andreý, demirýolçy ýolbaşlary üçin azyk-suwluga barýarka, bir maýyp guşy kowalap, Garagumuň jümmüşine nädip aralaşanynam aňşyrman galdy. Kä towsaklap, kä pysyrdap, käte-de uçan bolup, iküç ädim öňünden gaçýan guşuň, maýybam däl — müjribem, Garagumda adybelli çopanaldardygyny bu ors oglan näbilsin!
Ynha, bir görse, ol Garagumuň orruk ortasynda, tükeniksiz alaňlaryň arasynda dur.
Andreý, ýüregi ýarylan ýaly bolup, yza tarap ylgady. Özüniň bellik üçin şahajygyny döwüp gaýdan çetisini gözledi. Emma, bu sazak-çetileriň her ikiden biriniň şahalary döwüljige, belliklije bolsa nätjek…
…Üçülenji gündür, bu düňle çölüň içinde azaşyp, eňkamy agan, iki dünýäsini deňlän Andreý, iki sany ullakan atýalmanyň hol garagörnümdäki ýeriň astyndan zompa çykyp, özüne tarap ylgap gaýdanyny görende, oturan ýerinden bir gobsundy-da, bolmajagyny bilip, ýene çökäýdi, öz ýanyndanam «Wsýo…» diýip pyşyrdady. Ýaňky atýalmanlar geläge-de, onuň öňünde iki sany garaýagyzja oglanjyga öwrülende-de, düşnüksiz dilde bir zatlar jibirdeşenlerinde-de, ol geň galmady. Ýogsa näme, o dünýäde seniň bilen ene diliňde düşünişjek bolup, azara galyp oturan barmydyr?!
Iki oglanjygyň hersi Andreýiň bir goltugyna girip, idenekledip ugradylar:
— E-eý, bir orus tapdyg-eý! — diýip, ala-goh bolup baryşlaryna, ony eltip, bir ýerzemine dykdylar.
Andreý o taýda näçe wagt, nädip ýatanyny bilenok, gözüni açsa, daş-töweregi sakgally-sakgally, hersiniň kellesinde bir kiçiräk tokly oturdylan ýaly gaba telpekli adamlardan doly. «O-oý, türkmenler!» — diýlen pikir Andreýiň beýnisinde türkmen bedewiniň ýyndamlygy bilen at salyp geçdi. — «O dünýäde menden hasap sorajaklaryň bary türkmen eken-ow! Öňküleriň etmişine, gel-gel, indi men jogap bermeli boljag-ow…»
Ortada ot, töwerekde-de birtopar gara göz ýanyp dur. Oduň üstünde-hä gara gazan, onuň daşyndaky gara gözlerde-de gahar-gazap lasyrdap dur. Bu iki oduň öňünde, orsam bolsaň, durar ýaly däl.
«Gazanlary gaty kiçi eken-le… Men muňa sygarmykam?».
Oturanlaryň biri gazanyň gapagyny galdyrdy-da, ondan okara bir zatlar guýup, ilki çemçe bilen özi dadyp gördi, soň üfleý-üfleý, çemçäni Andreýiň agzyna golaýlatdy.
Çorbanyň gyzgynydyr tagamy, ortadaky oduň göz awuşadyjy tüssesi Andreýi ýene bu ýalança gaýtaryp getirdi.
Birhaýukdan, törde oturan aksakgal ýaşuly:
— Baryň, Atany çagyryň! — diýip seslendi.
Ýerkümäniň girelgesine golaýrak oturan jahyllaryň biri şobada böküp turdy:
— Ata! Ata-haw! — diýip, atylyp çykyp gitdi.
Dowamy bar…
#hekaýa,#kyssa,#oglanjyk,#gum,#türkmen