
Kömek Kuly (hekaýa)
Dowamy…
Ýaňky sözler Andreýiň gulagyna «Atu! Atu ýego!» diýlen görnüşde eşidildi. Ol töwerekdäkileriň orsça ýekeje agzam gürläp bilmejeklerini unudyp, öz ýanyndan ýene bir gezek «Wsýo…» diýdi. Asmandan aşak inýän girelgede ilki bir jübüt ädikli aýak bilen gynly egri gylyç, soňra-da bir pälwan göwre, iň soňda-da, dag tekesiniň şahlary ýaly burum-burum bolup duran ýogyn murt görnende bolsa, Andreý bir eliniň üç barmagyny maňlaýyna hem iki egnine galtaşdyryp, «Gospodi, pomiluý! Eto — kones!» diýdi. Alys ülkede ýeke-ýalňyz galan garyp ejesi bilen hyýalynda hoşlaşdy.
— Mergen, hany Ata? — diýip, ýaňky gelen murtlak pyýadadan soradylar. Mergen bolsa, äwmän, epeý ädip, boşlawrak ýere geçdi-de, gylyjyny öňünde kese ýatyryp, aýbogdaşyny gurup, jaýlaşdy. Soňam, kese bakyp oturyşyna:
— Geler! — diýdi.
Onuň käte göz gyýtagy bilen bir-ä ortadaky gazana, birem dulda asylgy hyrly tüpeňe tarap seredişi, wagtal-wagtal, öňündäki gylyjyna el uzadyşy Andreýiň her gezek gözüne dürtülýärdi. Onsoň, o-da özi üçin haýsynyň ýeňilräk, aňsadrak boljagyny pikir etdi. «Äý, gowrup iýäýesler-ä ýok. Ýaman etseler, atarlar ýa çaparlar…»
Şol wagt ýerkümäniň girelgesinde bir güpürdi, tozan turdy-da, Andreý bilen ýaşytdaşrak, boýdaşrak bir ýigdekçe salam berip, aşak indi.
— Ata, saglykmy? Hany, şo orsuň ýanragyna geç… Sen bularyň dilini aňlaýan bolmaly, hany, bir türküläp ber şuňkyny!
— Aý, bor, Oraz aga!.. Bäý, munyňyz ýaman hor eken-läý!
— Sen, näme, ony gowrup iýjekmidiň eýsem?! — diýip, oturanlaryň biri öz bogazyny syhap, gazana tarap baş atdy. Gülüşdiler.
Andreýiň ýene aşagyna suw gitdi.
— Soraber, Atam!
— Bor, Oraz aga! Soramak meň bilen…
…Ata bir gezek öz düýejigi bilen, täze gurulýan demir ýoluň golaýyndan geçip barýarka, saryýagyz, gözleri mawumtyl bir pyýada bilen atanlykda uçraşyp, tötänden tanyşdy.
— Eý, malaý! Adyň nime? — diýip, ýaňky sary pyýada özüne ýüzlenende, Ata geň galdy. «Beh, bularyň dili düşünmez ýaly bir kyn zadam däl eken-läý!»
— Adym Ata!
— Hä, Ata… Sin mindä odun kitir, min singä pul berim! Nu ço, ýakşi, malaý?!
Ata şondan soň öz düýejigi bilen ol ýere kän odun daşady. «Orsuň dilinem daş edip öwrenendiris!» diýip, onda-munda öwündem. «Orus tanşym» diýip ýöreniniň tatarlygyny ol soň bildem-de, gülki bolmakdan gorkup, «ors dili» hakda gaýdyp dil ýarmady. Ýöne, ynha, bu gün bu orsy tutup getirdiler-de, ýene Ata gerek boldy bulara…
Ata: «Edişime serediň!» diýen manyda ilki daş-töwerekdäkileriň ýüzlerine birlaý seretdi. Soňam, ykjamlanyp, orsuň göm-gök bäbenegine tiňkesini dikdi-de:
— Ço! — diýdi.
Bu garaýagyz ýigdekçeden beýle söze garaşmadyk ors oglan az-kem geňirgendi:
— Niço!
Atanyň soraga gaty dogumly başlaýşy oturanlaryň göwnünden turan bolarly:
— Haý, berekella!
— Gördüňmi, ediberşini?!
— Orsuň-a edil serpmeden gaýdan ýaly etdi…
Ata: «Päsgel bermäň-ow!» diýen şekilde ardynjyrady. Töwerege ümsümlik aralaşdy. Hemmeler Atanyň ikinji zarbasyna garaşdylar. Ata-da uzak garaşdyrmady. Onuň sesi bu gezek öňküdenem zarply, dözümli çykdy:
— E-eý, malaý! Ço-o?!
Bileräk işleýän tatarlarynyň häli-şindi ulanýan «malaý» sözi häzir Andreýiň gulagyna ene dili bolup eşidildi. Oýurgandy. «Adymy soraýan bolaýmasynlar?» Ol bir barmagyny öz gursagyna dürtdi:
— Malaý — Andreý!
— Ata, näme diýýä?
— «Endireriberýäň-aý!» diýdi öýdýän — diýip, başga biri Ata derek jogap berdi. Munuň dilmaçlygyna gülşüp, «Sen bir otursan-aý!» diýdiler.
Dowamy bar…