GUMDA (3)

Kömek Kuly (hekaýa)
Dowamy…
Daşyndakylaryň gülküsi, ýowuz ýüzlerdäki ýylgyryş Andreýi biraz ekezlendirdi. Nämä gülünýänligini bilmese-de, o-da çalaja ýylgyrdy. «Soraber!» diýen manyda Atanyň ýüzüne seretdi.
— A-how, şü biziň dilimize düşünýän bolaýmasyn, adamlar?!
Gapdaldan goşulanyň bu howsalasyna hiç kim ähmiýet bermedi.
— Ço?
Atanyň bu gezekki sowalyna «Sen nämä gülýäň?» diýen manyda düşünen Andreý egnini çala gysdy:
— Niço…
Oturanlaryň biri gobsundy:
— Ata, muň bärde näme işleýänini bir soramaly ekeniň ilki!
Ata bu uzyn sowaly ýene bir söze sygdyrdy:
— Ço?
Andreý uludan demini aldy:
— Niço.
— Azaşyp gelipdir… — diýip, Ata özüçe düşündiriş berdi.
— Beh, bularyň dili gaty täsin eken-aý! Bar zady bir sözde aýdyp otyrlar.
— Äý, entegem bu orus türkiräk eken… Hany ol, bir gezek «Ço?» diýeňde, bar zady aňyp, aňyrsyna ýetip oturan oruslar bamy indi! — diýip, Ata hüňürdedi.
— Äý, sen howlugmanrak, gyssamanrak soraber! — diýip, Oraz aga maslahat berdi.
Türkmenleriň bary: «Howwa-da, howwa!» bolşup, baş atyşdylar. Bu agzybir makullamany görüp, Andreý ýaňky gürlän ýaşulynyň ýüzüne ogrynça seretdi. Gojanyň nurana keşbine, çuw-ak sakgalyna, parahat äheňine Andreýiň syny oturdy. Bu ýaşuly oňa öz ejesiniň «Seniň ataň şeýle-şeýle adamdy» diýip berýän gürrüňlerini ýatlatdy. «Iň ululary, garry serdarlary şu bolaýsa gerek?!» diýip, Andreý öz ýanyndan çak etdi. Şonuň üçinem, ol Atanyň indiki «Çosyna» jogap berende, Ata tarap däl-de, şol ýaşula ýüzlendi:
— Niço!
Ata-da muny aňdymy-nätdimi, bu taýda kimiň agzyna seretmelidigini bildirmek üçin, gazap bilen Andreýiň ýüzüni dalady:
— Ço-o-o?!
— Hä, Atam, ýene birazajyk endiretseň-ä, alýaň muny! — diýip, töwerekden gylaw berdiler.
Şol wagt Mergenem, gylyjyny bir gapdalyna geçirip, ýeke dyzyna galdy:
— Aý, bir orus üçin munça takal okaşyp, gepi köpeldip oturmasaňyzlaň-aýt…
Andreý howpurganyp, ýene ýaňky ýaşulynyň ýüzüne seretdi:
— Andreý niço…
Goja-da özünden arka-delalat gözlenilýänini aňan bolarly, ýüzüni aşak salyp oturyşyna, belli bir adama ýüzlenmän:
Aý, orsam bolsa — dürsem bolsa, adam çagasydyr… — diýdi.
Eýýäm elini gylyjynyň baljagyna ýetiren Mergen birden ýaryldy:
— Oraz aga, seň ogullaň näme, eýsem, adam çagasy dälmidi?! — diýip gygyrdy. — Üçüsinem it atan ýaly atyp gitdiler galaň içinde…
Gojanyň nurana ýüzi garört boldy. Ol ýaňky gürläne tarap gözlerini alardyp:
Men entek dirikäm, meň ogullarymyň hun-ganyny soramak saňa galmandyr, Mergen! — diýdi-de, özüne basalyk bermek üçin, biraz dymyp, soň ýene parahat äheňde gürledi: — Bir azaşyp gelen biçäräni öldüreniň bilenem, hun alyndygy bolmaz, adamlar!
— Olar öz hunlaryny ölmänkä alyp gidendirler! — diýip, Oraz aga bilen ýaşydrak görünýän başga bir ýaşuly hemaýyn söz goşdy.
Bularyň arasyna bir agyr dawanyň düşenini, bu dawaň bir çetiniň özüne-de degýänini Andreý aňy däl-de, ýüregi bilen syzdy. Ol aljyraňňy halda, soragly nazaryny töweregine aýlady. Şonda, hälki murtlak pyýadanyň özüne tarap gezelip duran süýem barmagyny görüp, tisginip gitdi.
Oraz aganyň sözleri biraz badyny alsa-da, Mergen entek köşeşerli däl. Ol barmagyny çommaldyp, dilmaçsyz-zatsyz, Andreýiň göni özüne azym bilen ýüzlendi:
Sen, orus, dogryňy aýt, uruşda bolduňmy bolaňok?!

Dowamy bar…

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s