
Kömek Kuly (hekaýa)
Dowamy…
Ors oglanyň gepe düşünmänligini görübem, Mergen ilki öňündäki gylyjy, soňam dulda asylgy duran hyrlyny üm bilen görkezdi.
Bu ýowuz pyýadanyň ýüzünde Ezraýylyň tüýüni gören, onuň düşnüksiz sowalyndan ajal ysyny alan Andreý, gyssanjyna, bir Ata, bir Oraz aga tarap ýaltaklap, ellerini daldalady:
— Niço, niço… Ýa niço!
— Ýok, bolmandyr… — diýip, Ata ýene dilmaçlygyna başlady. — «Bolamok» diýýä.
— Gögel-ä-row munyňyz entek! — diýip, gapdaldan biri gep atdy.
Şu göm-gök gözleri, maňlaýyna dökülip duran tyllaýy saçlary diýmeseň, bu ors oglanyň açyk ýüzi, birhili utanypmy-müýnürgäpmi, gözastyndan seredişi, birden tutulyp, birdenem ýylgyryşy, çalt-çalt gürläp, birdenem, «Biderek bir zat aýdýan bolaýmaýyn?!» diýýän ýaly, dypba dymşy Oraz aga onuň öz körpe ogly Kakajany ýatlatdy.
Adam ogullary heniz bigünä ýaşdaka, haýsy milletden, haýsy kybladan bolsa-da, bir-birine birhili çalymdaş bolýarlar.
Goja hyrçyny dişläp, gözlerini ýumdy.
Şol gara günüň öň ýanynda, Oraz aganyň üç ogludyr olaryň jan ýaly dosty Mergeniň arasynda bolan gürrüňler ýene harabaçylygyň arasyndan çogup çykyp, bosgunlar ýaly, başly-barat, üzük-ýoluk, elem-ebtat bolşup, bärligine çozuşyp gaýtdylar…
— Aý, dursana-how! Näm-aýt… Sen-how, samsyk, şü daşyňy alyp ýatan ýygna bir seret! Şuň öňünden barsaň gowumy ýa ýeňsesinden? Öňünden-ä, barmankaň, läşiňi kaklarlar. Ýeňsesinden gelseň welin, sen bäş-üçüni kaklap ýetişersiň…
— Ýuwaş-ow, kakam eşidäýmesin… Sen, näme, indi, galany taşlap gaçaly diýjek bolýaňmy, agam?
— Gaçaly diýemok, ýeňsä geçeli, guma siňeli, ýeňseden uraly diýjek bolýan… Bular guma bolmaz. Ikimiz welin, gumdan dökülip, ondan-mundan dökülip, şulary ýeke-ýekeden çöpläbem gutararys!
— Aý, Mergen, agam jan, anha, gumuň, anha-da ýeňsäň! Gaçýaňmy, geçýäňmi — öz işiň! Men-ä şu müňläp «Gyrlyşaly!» diýip oturan ýigitleriň içinden ökje ogurlap, hiç ýerigem gitjek däl. Düşdüňmi?
— Ýuwaş-how, kakam eşidäýmesin!
— Äý, zaňňarlar, men-ä şu galaň içinde boglup, gurbanlyga aýdylan ýaly, kellämi çukuryň gyrasyna goýup ýatjak däl-aý! Ýör. Hakberdi, ýör, Allaberdi, gitseňiz-ä!
— Öňi-soňy ölmeli bolsa, bir gün öň ýa soň, galada ýa gumda öldük — parhy näme? Emma, biz ölüp, bu uruşlar gutaransoňam, munuň telim asyrlap gürrüň-ä ýatmaz. Şonda: «Pylanylar şo uruşda gaçan eken» diýlen gepe galandan…
— Hä, men onda «Gaçan eken» bolýan-da, şeýlemi?! Bar, şeýlemiş-dä! Emma, «Gaçyşym bar — kowuşyma bermenem» diýenem biri bar eken. Bilýäňmi şony kimiň diýenini?
— Hakberdiniň «müňläp» diýýäni dogry! Bizem, bolup bilsek, şolaryň biri. Şolaryň ýüzi hanjak bolsa, biziňkem şonjak…
— Hany, körpe näme diýýä?
— Äý, iki agaly bolsaň, hezildir-le! Bir-ä: «Gaçyp urşaly!» diýse, beýlekisem: «Gala gabalyp, goranyp urşaly!» diýse, ikisinden biriniňk-ä dogry çykar!
— Ýok, Kakajanyň agalarynyň şu gezeg-ä ikisiniňem sözi birdir.
— E-eý, Hakberdi, dälirediňm-eý sen?
— Aý, il dälirese — dälireýäs, gudurasa — guduraýas. Bu işlerde däliremeseň bolýan däldir…
— Ýöne bir şert bilen: kakamdyr ejemi, çagalar bilen bir howpsuzrak ýere ugradaly. Dogrumy?
— Ýuwaşrak-how, kakam eşidäýmesin…
Oraz aga ol gürrüňleriň birazyny gyltyzrak eşiden bolsa, galanyny şo günüň ertesi irden, ogullary: «Kaka, adamçylykdyr…» diýip, başlanlarynda, olaryň gözlerinden okady. «Düýe garrasa, köşegine eýerer» edip, aýalyny, uly oglunyň gelnini, agtyjagyny alyp, galanyň ýeňse tarapyndan guma tarap çykyp ugrady. Yza gaýdyşynam, yzanda-çuwan bolşup gelýän ummasyz bosguna uçrady.