DELLEK

Bir adam saçyny bejertmek üçin dellekhana barypdyr. Dellek işini edip durka, olar durmuşyň kynçylyklary, aladalary hakda derdinişipdirler. Müşderi hemme zadyň Beýik Biribaryň erkindedigini, Alladan bidin çöp başynyň gymyldamaýandygyny, şonuň üçin Allanyň edenine şükür etmelidigini aýdypdyr. Dellek munuň bilen razylaşman:
– Men Allanyň bardygyna ynanamok – diýipdir.
Müşderi oňa geň galypdyr.
– O näme üçin?
Dellek oňa şeýle jogap beripdir:
– Muny bilesiň gelýän bolsa, köçä çykyp göräý. Eger Alla bar bolsa, bu dünýäde kösenip ýören bolmazdy. Degre-daşyňa bir seret. Näçe adam keselden ejir çekýär. Näme üçin çagalar ýetim galýar? Bu dünýäde ejize ganymlar köp, adalatsyzlyk köp. Eger Beýik Ýaradan bar bolsa, bu zatlara ýol bermezdi.
Müşderi dellege hiç zat diýmändir.
Dellek işini gutaransoň, müşderi dellekhanadan çykypdyr. Ýolda saçy-sakaly ösüp giden, betnyşan adama duşupdyr. Ol şol adamy alyp, ýaňky dellegiň ýanyna gelipdir.
– Bilýäňmi näme? Bu dünýäde ýekeje dellegem ýok – diýip, ol dellege ýüzlenipdir.
Dellek oňa:
– Ine, men bar-a. Ýaňyja seniň saçyňy bejerdim ahyry – diýip jogap beripdir.
– Ýok. Eger bu dünýäde ýeke dellek bolan bolsady, onda durmuşda bular ýaly saçy ösgün, bular ýaly betnyşan adam bolmazdy.
Dellek onuň näme diýjek bolýanyna düşünmändir:
– Wah, dellek bar-la. Ýöne bular ýalylar dellede gelmese, nä alaç etjek?
– Ine, Alla-da şeýle. Allatagala-da bar, günäli adamlar-da. Olar Beýik Biribaryň gapysyna barmasalar näme?! Onuň gapysyna baryp, henize deňiç hemaýat tapmadyk ýokdur. Bu sebäpden senem ýalňyşýaň, dost. Her şaý-sepiň bir zergäri bolýar. Sen häli öte geçdiň. Zyýany ýok, ýalňyşyňa düşünen bolsaň bolýar.
Dellek beýik hakykata şonda düşünip galypdyr.

– Men Allanyň bardygyna ynanamok – diýipdir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s