
Kömek Kuly (hekaýa)
Dowamy…
«Eý, Alla! Eziz Alla! Ýa Ýaradan… Bu zatlaryň haýsysy dürs, haýsysy ters boldy? Bu gara Zeminiň asty gowy boldumy ýa üsti? Mergeniňki dogry çykdymy ýa şol gurbanlyk üç sany goç guzynyňky? Olaram şo wagt Mergeniň yzyna düşüp gaýdyberen bolsalar, onda häzir, şu taýda, kakalarynyň gapdaljygynda egin direşipjik oturmazmydylar? Emma… Wah, emma… Wah, ogullar, goç ogullar, wah, körpe guzy! Siz kakaňyzy, tä ölýänçä, il-günüň öňünde başyny dik tutup gezer ýaly etdiňiz. Emma, özüňiz… Bu çal baş, bu lagşan garry göwre şo üç sany «Men!» diýen juwan ömre degýämidi? Ogul gidip — ata galsa, nobat bozulyp — hasap ýitse, ondan agyr kysmat barmydyr?
Ölmedige — ömür kän. Anha, otyr-a biri, gözlerini duz ýaly edip, gyrpyldadyp… Şuň ýalakyň ýüzüsini öldüreniňde ýa müňüsini direldip getireňde, Kakajan jan gaýdyp geljekmi?
A-how, oglan, seni bu ýere çagyran barmy?! Ýa meniň ogullarym siziň üstüňize bardymy, ýurduňyzy çapawullap, aýal-ebtat, oglan-uşagyňyzy gyryp gaýtdymy?
Howwa, seniň uruş adamsy dälligiň, adama ýarag çenäp görmedigiň görnüp dur… Emma, şol gün şo galada senden on esse, ýüz esse bigünä neresseler özleriniň nämüçin öldürilýänligine düşünmän ölüp gitdiler… Nämüçin?!»
Maňlaýy ýere deger-deger bolan Oraz aga birden başyny silkdi-de, gan guýlan gözlerini Andreýe dikip:
— Ço-o-o??? — diýip, aýylganç bir gygyrdy. Onuň bu sözüne hiç kim gülmedem, geňirgenmedem. Her kim ýere bakyp, ýer dyrmap otyr.
Andreýem bu agyr sowala jogap tapmady. Bu ýowuz sowala diňe bujagaz a:m ýigdekç-ä däl, onuň ýedi arkasy, yzynda galan telim millionlap halky ýene telim asyrdan jogap tapjakmy?!
Şu wagt bu ýerde nähili gözegörünmez tupanlaryň turýandygyny, nämäniň tüssesiz oduna ýanylyp, sessiz agysynyň aglanýanlygyny, bu oturanlaryň näme üçin Ýeriň üstünden el göterip, şu tümde, tümüňem astynda mesgen tutandyklaryny aňmak üçin, ýaşlykdan ýanyp-gowrulyp, Kaknus guşa dönen garyp ýürek gerek. Şo ýüregem Andreýde bar-da! Bar welin… düşünäýseler! Andreýem, Ata-da ony düşündirip bilenok. Ýogsa, häliden bäri ikisem jan edibildi…
Emma, Oraz aganyň ýaňky, iň aýgytly «ço-syndan» soň, öňki «ço-laryň» barynyň manysy ýitene döndi.
Dymyşlygy ýene Oraz aganyň basygrak, müýnlüräk sesi bozdy:
— Hany, naharyňyz bişen bolsa, irikgä etmäň ony!
Ol şeý diýenden, oturanlaryň bary gozganyşyp, dikelişip, süýşüp ugradylar.
Uzaga çeken düşnüksiz gürrüňiň jemlenýän pursadynyň gelenligini aňan Andreýem dikelip, töwerekdäkileriň oturyşy ýaly, aýbogdaşyny gurup oturmaga synanyşdy. Aýaklary diýen etmedi. Onsoň ol Oraz aganyň oturyşyna seretdi-de, düýe çöküşini edip, iki dyzyny ýere urdy, iki elinem dyzlarynyň üstüne goýup, doga-töwir etjek musulman ýaly boldy oturyberdi.
Andreýiň ýaş ýigidiňkä meňzemeýän, damar-damar, gan-gabarçak gollary, howatyrly sandyraýan barmaklary, düýbüne çenli garaýag siňip giden dyrnaklary Oraz aganyň nazaryndan sypmady.
Gürläp bilmeýän adamyň ellerine hem gözlerine serediberiň! Olar size eýesiniň aýdyp bilmeýän zatlarynyň baryny aýdar. Lallar-güňler ellerini dil ýerine ulanyp, saglardan beter «sakyrdaşanlarynda», biz şo «dile» düşünmänem oňarmarysmy?!
— Siziň bu orsuňyz demirýolda işleýän bolmaly, şeýlemi? — diýip, Oraz aga Ata ýüzlendi. Ata-da Andreýe:
— Ço?!
Häli, iň soňky umydy — Oraz agadan tamasyny üzüp oturan Andreý, gojanyň parahat äheňinden ýene az-kem teselli tapynyp, düşünse-düşünmese-de, goja tarap owsunjyrap, başyny atdy:
— Niço, niço!
— Howwa, demir ýolda gara işçi bolup işleýän diýýä…
Naharyň ysyna işdäsi hem dili açylan biri öňe omzap:
— Gara işçisi näm bolýa-how bularyň? — diýip, Atadan sorady.
— Äý, özüň ýaly bir garamaýakdyr-da! — diýip, başga biri Ata derek jogap berdi.
— Men garamaýakmydyryn?! Iki goýnum, dört geçim bar! Şü gazanyňdaky nireden geldi? Päheý…
— Ýuwaş-how! Bi, saçagyň başynda gohuňyz näm-aý?
Her kim dörtden-bäşden bir kowçum, her kowçum bir kerseniň daşynda egele boldy. Andreýiňem öňüne, hälki okarajyga guýup, nahardyr çörek goýdular.
— Hany, aldyk onda, bismilla-a!
Näçe günüň ajy bolsa-da, Andreýiň häzir bogazyndan zat ötmedi. Onuň özüni Mergeniň gözleri iýip barýardy.
— Ata, aýt ol orsuňa. Iýibersin arkaýyn! Ony zäherläp öldürjek bolýan ýok, oň ýaly namartlyk türkmende bolmaz… — diýip, hälki «baý» kişi çörekli agzyny hompuldadyp gürledi. Soň ýene oturyp bilmedi. — Oraz aga, şü ors oglany biderek zaýalandan, maňa çopan edip beräýseň nädýä?! — Birdenem, Oraz aganyň gözlerine gözi sataşdy-da, «ähm-ühm» edip, kerseniň üstüne ýapyryldy.
Ata öz çemçesi bilen Andreýiň naharyna tarap ümledi:
— Ço?
— Niço…
Andreýem az-kem kümşül-çümşül etdi-de, bada-badam düwündi…
Töwir galdyrylandan, Mergen ykjamlandy:
— Oraz aga, men-ä turjak! Men bir, çöl gurdy, bir ýerde güýlünip ýatmak maňa buýrulmandyr… Ýüzugra bu orsuňam demir ýoluna golaýladyb-a biljek!
— Ýok, ony Ataň özi golaýladar. Sen öz awuň bilen boluber! — Oraz aga birdenem sesini gataltdy. — Ýöne, Mergen, şujagaz ors oglanyň, tä öz ýerine gowuşýança, depesinden ýekeje gyly gaçaýsa, gaty görme! Eşitdiňmi?
— Aý, siziňki eşidilen ýaly-laý… — Mergen syýlaryny silkip, tarsa turdy, ýokaryk, asmana tarap çykyp barýarka-da, bir durup, yzyna gaňryldy: — Eý diýdiňiz — beý diýdiňiz, ýurd-a… Indem, Oraz aga, ýene elli-altmyş ýyldan şularyň edişine bir seret! «Ço-da, ço!» bolşup, daşyňa bir geçerler welin… Ýöne, arman, o wagt senem bolmarsyň, Mergenem… Emma, bizden soňkulara-da ýaşama gerekdir öz-ä!
Oraz aga ýagşydan-ýamandan jogap bermedi. Esli salym dymyp oturandan soň, ol ardynjyrap, Atanyň ýüzüne seretdi.
…Atanyň syýnyndan ýapyşyp, ýagty ýalança çykan Andreý bir sägindi-de, gözlerini açalak-ýumalak edip, uludan demini aldy. «Indi näme? Ýeňsämden otlaýmazlar-da hernä? Äý, näm bolsa — şo bolsun…»
Andreý gaňrylyp, hälki çykyp gaýdan ýerine nazar aýlady. Ýeriň üstünde yns-jyns görnenok. Gumuň tümündäki ýerasty oba, heniz sönmedik, entek-entekler sönmejek wulkan ýaly, kä ondan-kä mundan asmana tüsse sogduryp, sojap dem alyp ýatyr.
Andreýiň säginenini görüp, Ata-da aýak çekdi, onuň ýüzüne soragly seretdi. Sorag bolsa Andreýiň özünde-de kän. Ol Atanyň ýüzüne dikarynlap bakdy-da, garaçyny bilen:
— Ço?! — diýdi.
Onuň howsalasyny aňan Ata elini salgap, ýylgyranda, sadap dişleri garaňky gijede ýyldyrym çakan ýaly ýaldyrap gitdi:
— Äý, niço!
Andreýem onuň gerdenine maňlaýyny goýdy-da, hamsygýanyny bildirmezlik üçin, dişlerini berk gysyp, ýuwaşjadan «Da, niço!» diýip pyşyrdady.
Bu iki gürrüňdeş ahyrsoňy düşünişdiler.
— Eý diýdiňiz — beý diýdiňiz, ýurd-a… Indem, Oraz aga, ýene elli-altmyş ýyldan şularyň edişine bir seret! «Ço-da, ço!» bolşup, daşyňa bir geçerler welin… Ýöne, arman, o wagt senem bolmarsyň, Mergenem… Emma, bizden soňkulara-da ýaşama gerekdir öz-ä!