GATY JAÝDAR JOGAPLAR

Ýalňyzlyk
Meşhur basnýaçy Ezopyň ýanyna gelen dostlarynyň biri onuň münder-münder kitaplaryň arasynda dümtünip oturyşyny görüp,
– Beýdip, ýeke özüňiziň oturyp bilşiňize haýran galýaryn. Ýüregiňiz gysanokmy? – diýýär. Ezop oňa:
– Ýüregim gysar ýaly, men ýalňyz däl. Meniň üçin ýalňyzlyk kitaplarym bilen aram üzülen wagtynda başlaýar.

Adamkärçilik sapagy
Bir gezek Aristotel binamys, azgyn adama ýukaýüreklik edendigi üçin özüni ýazgarýan kişilere şeýle diýip jogap berýär:
– Oňa binamyslygy, ahlaksyzlygy üçin däl-de, ynsan bolandygy üçin ýüregim awady.

Dogry salgy
Bir adam aklawçy dostunyň ýanyna baryp, oňa arzyny aýtmaga durýar:
– Birinden ep-esli algym bar welin, teý, alyp bilemok. Indi arz edäýmesem.
Aklawçy ondan soraýar:
– Algydaryňyzyň ýanyna baryp, adam şekilli ýüzlenip, gepleşip gördüňizmi?
– Wah, hawa-la!
– Näme diýdi?
– «Jähenneme git!» diýdi.
– Siz näme etdiňiz onsoň?
– Ynha, siziň ýanyňyza geldim!

Özüňi bilmek
Ymam Agzam Ebu Hanife bir Kufäniň häkiminiň ýanynda otyr eken. Häkim ondan bilmek isleýän käbir zatlaryny soraýar. Ymam Agzam häkimiň beren sowallaryna gysgajyk jogap berýär-de, öňki ümsümligini bozman, dymyp oturýar. Onuň bu häsiýetine haýran galan häkim ymama ýüzlenýär:
– Ymam hezretleri! Siz Pygamberimiziň (s.a.w) ylmyndan ýüki ýetik, pygamber mürasdüşeri alym kişi bolubam, näme üçin beýle az gepleýäňiz?! Ýogsa, bu ýere gelen alymlar huzurymda geplänlerinde, başgalara gezegem berenoklar.
Ymam Agzam häkime şeýle jogap berýär:
Olaryň käbirleri kän geplemekde size özüni aldyran bolmagy mümkin. Emma mende onuň ýaly isleg bolmansoň, diňe berlen sowallara jogap bermegi makul görýärin.

Ýüregim gysar ýaly, men ýalňyz däl. Meniň üçin ýalňyzlyk kitaplarym bilen aram üzülen wagtynda başlaýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s