KITABYŇ IKINJI JILDI ÝOK

«Ikinji jildi ýok»
Ýaranmagy ýarag edinen baryp ýatan ýaltanyň biri barly garyndaşynyň ýanyna barýar. Güzeranynyň agyrdygyny aýdyp gan aglaýar, ýardam bermegini soraýar. Barjamly garyndaşy oňa bir kitap sowgat edýär. Bu adam özüne berlen sowgady alyp, içi ot-ýalyn bolup, «Men ondan kömek pul soradym welin, ol elime kitap gysdyryp goýberäýdi. Haý, husyt diýsänim, kitaby başyma ýapaýynmy?!» diýip, hüňürdäp çykyp gaýdýar.
Öýüne gelip, ýaltana-ýaltana kitabyň birinji sahypasyny açýar. Görse, pul dur diýýär. Çalasynlyk bilen ikinji sahypasyny açýar, ýene şonça pul barmyş. Görüp otursa, garyndaşy kitabyň bütin sahypalarynyň arasyna pul goýup çykan eken. Ýaňky adam begenjinden uçaýjak bolýarmyş. Birnäçe wagt geçenden soň ýalta ýene şol garyndaşynyň ýanyna baryp:
«Garyndaş, beren kitabyň şeýle gyzykly, şeýle peýdaly kitap ekeni. Nädip okap gutaranymy bilmändirin. Şol kitabyň ikinji jildinem alyp, okap çykaýsam diýip geldim» diýýär.
Häliden bäri garyndaşynyň bolşuny synlap duran barly adam bir durkuny bozman:
«Kitabyň ikinji jildi ýok» diýip jogap berýär.


Adam esasy hazyna bolan ömrüniň we wagtynyň gadyryny bilmeýär. Ony biderek zatlaryň ugrunda sarp edýär. Ýigrimi dört sagat ýigrimi dört tylladyr, baýlykdyr. Ol baýlykdan mümkin boldugyça ýerlikli peýdalanmak gerek. Wagtyň öwezini dolup bolmaýan ýeke-täk hazynadygyny unutmaly däldir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s