Lew Tolstoýdan sözüň özi…


Söz manysyn tirer bolsaň….

  • Wagt bilen sabyr – iň güýçli iki söweşiji.
  • Bir adamyň ömrüniň ikinji ýarymy birinji ýarymynda edinen endikleriniň gaýtalamasyndan ybaratdyr.
  • Bagtly maşgalalaryň hemmesi bir-birine meňzeýär, betbagt maşgalalar bolsa, özleriçe bir sebäp tapynyp betbagt bolýandyrlar.
  • Ynsanyň hakyky gymmaty gelmegi bilen bir gädigiň dolmagynda däl-de, gitmegi bilen bir boşlugyň döremegindedir.
  • Garaşmagy başarýan adamyň gapysyna hemme zadyň öz-özi geler.
  • Meniň gözüm diňe seni görsün diýýän bolsaň, seniň gözüňem diňe meni görmeli.
  • Puluny ýitiren adam garyp, erkinligini ýitiren adam ýesir, yşkyny ýitiren adam bolsa, şahyr bolýan eken.
  • Akyl adama dertlerinden dynmak üçin berlipdir.
  • Ähli zatdan geçip, duýdansyz gitmek aňsatmy?! Ýa bolmasa, gitmekden ýüz öwrüp, ähli zada döz gelmek we söýmek aňsatmy?
  • Gowy görýän adamlaryňy ýekän-ýekän ýitirip ugran mahalyň durmuşň gadyryny bilip ugraýarsyň.
  • Adamyň bahasyny häzirki duran ýerine görä däl-de, maksat edinen ýerine görä kesgitlemeli.
  • Betbagtçylyk diýlen zady başdan geçirmezden, hemmeleriň bagtly bolasy gelýär. Pikir edip görüň, gije bolmadyk bolsa, adam ýagty gündiziň lezzetini dadyp görermidi?
  • Başgalar üçin özüňizi ýatdan çykaryň, şonda sizi hem ýatlarlar.
  • Adamlar akabalar mysaly. Suw hemme ýerde şol bir suw. Onuň häsiýeti akýan ýerine we wagtyna görä üýtgeýär. Käýerde giňeýär, käýerde daralýar. Kämahal dury, kämahal bulanyk. Kä pille mylaýym, kä pille sowuk. Her bir adamda beýleki adamlarda bar bolan ähli häsiýetleriň tohumy bar…
  • Biriniň üstüne batga syçratmankaň, ilki bir pikirlen; sebäbi öňi bilen öz eliň hapa boljak.
  • Käbir horazlar bar welin, özi gygyrany üçin Gün dogýandyr öýdýärler.
  • Adamlar gaty üýtgedi. Indi biri bilen salamlaşanyňdan soň bäşisem ýerindemikä diýip, barmaklaryňy sanamaly bolýar.
  • Adamyň bedenini operasiýa etmek üçin ony huşundan gidermeli, ruhuny “operasiýa” etmek üçin bolsa, özüne getirmeli.
  • Adamlara iň adalatly şekilde paýlanan nygmat akyldyr. Çünki öz akylyndan şikaýat edip ýören adam ýok.
  • Agyr günlerde ýetişen, pikir bilen baýlaşan, zähmet siňdirilip taýynlanan we iň gowusyny bermäge ymtylýan herekete sungat diýilýär.
  • Eger edilýän ýagşylygyň haýsydyr bir sebäbi bar bolsa, ýagny ahyrynda bir peşgeşe garaşylýan bolsa, ol ýagşylyk däldir.
  • Biz hem gurtlaryň doýmagyny hemem goýunlaryň abat galmagyny isleýäris.
  • Bir adam bir otludan galsa, başga bir otly gelip ony alar. Bir millet bir otludan galaýsa welin, ony başga bir millet gelip alar.
  • Ýönekeýligiň, ýagşylygyň we dogrulygyň bolmadyk ýerinde ägirtlik ýokdur.

Ýönekeýligiň, ýagşylygyň we dogrulygyň bolmadyk ýerinde ägirtlik ýokdur.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s