
Günlerde bir gün Balhyň soltany Ybraýym Edhem köşgünde wezirlerini, ulamalaryny, ýurt hadymlaryny jemläp, adatdan daşary mejlis geçirýär. Soltan mejlisde «Derwüşler ruhy taýdan kämilleşjek diýip, daşky keşbi gözden salýalar. Şeýle-de bolsa, olaryňam içinde çorba çykjagy ýok däl» diýen ýaly gürrüňler edip durka, mejlisçe oturanlaryň arasyndan kimdir biri onuň sözüni bölýär. Kinaýa bilen aýdan sözleri soltanyň ýüregine tiken bolup batýar. Ybraýym Edhem şol kişiniň ýanyna ýakynlaşýar:
– Sen kim bolýaň? Wezipäň näme? Bolşuň dagy nätäňet!
– Men işi-pişesi bolmadyk, öýsüz-öwzarsyz ygyp ýören garyp biçäre. Islän ýerimde düşleýärin. Ynha, bu günem seniňkide düşlemek nesibämde bar ekeni.
Ybraýym Edhem hum ýaly çişip:
– Näme sen, bu ýerini häki bir düşelge ýa-da myhmanhanadyr öýtdüňmi? – diýýär.
– Näme, eýsem dälmi?
– Heý, aňkow, bärisi Ybraýym Edhemiň köşgi!
– Ýogsa-da, senden öň bärde kim ýaşady?
– Atam.
– A ondan öň?
– Atamyň atasy.
– Ýa ondan öň?
– Onuň atalary.
– Biriniň düşläp, ol gidensoňam, beýleki biriniň düşleýän ýerine eýsem düşelge diýilmeýärmi nä?!
Ybraýym Edhem onuň jogabyny manysyny aňşyrandan soň, täsirinden ýaňa doňup galýar.
Adam bu dünýäni ýöne bir düşlenip geçilýän ýer bilmelidir. Hemişelik galynjak ýer üçin ýol şaýyňy tutmaly. Ýarty ýolda zyňmaly boljak, ahyretde peýdasy degmejek zatlary ýygyp-ýygnaýan adam şu dünýäniň iň akylsyz adamydyr.