
INÇE SÖZ…
Abbasylar döwründe ýaşap geçen meşhur arap şahyry Habyb bin Ews, söz mejlisleriniň birinde “dymmakmy ýogsa söz sözlemekmi gymmatly” diýlen temada jedel gidip durka, dymmaklygyň mertebesini belent tutanlara şeýle jogap beripdir:
– Biz dymmaklygy söz bilen taryp edip bileris, emma sözi dymmaklyk bilen wasp edip bilmeris. Şonuň üçinem sözüň mertebesini dymmaklykdan belent tutýarys.
ŞATLANMAK
Neýzen Tewfikden (naý çalýan meşhur türk sazanda) sorapdyrlar:
– Çalan* wagtyňyz şatlanýaňyzmy ýa şat wagtyňyz çalýaňyz?
Neýzen şeýle jogap beripdir:
– Men nä ogrumy, çalan wagtym şatlanar ýaly?!.
- Çalmak: saz çalmakdan başga çilmek, ogurlamak manysyny hem aňladýar.
BIRDEN BIRI…
Isgender ady owadan emma ahlagy ýaramaz bir adama şeýle diýenmiş:
– Ýa adyňy üýtget ýa-da ahlagyňy!
UKYNYŇ AGRAMY
Samos koroly Polikratos şahyr Anekrona birneme altyn sowgat edýar. Şahyr ol altynlar bilen näme etjegini bilmän, iki gijäni çirim etmän geçirýär. Ahyry altynlary yzyna eltip berýär-de şeýle diýýär:
– Korolym, altynlaryňyz diýseň gymmatly. Emma meň üçin ukym olardan has gymmatly…