KÖŇÜL SOLTANLYGY…

YBRAÝYM EDHEM BILEN EMIR
Bir gün Ybraýyn Edhem deňziň kenarynda hyrkasyny çatyp oturan eken. Şonda onuň ýanyna bir emir gelipdir.
Emir Ybraýym Edhemiň patyşa bolan döwründäki adamlardan biri eken. Emir Ybraýym Edhemiň öz hyrkasyny tikip oturanyny görüp geň galypdyr.
Emir:
– Şeýle beýik soltanlykdan ýüz öwrüp, gel-gel şeýle garyp durmuşda ýaşamak. Aklym haýran – diýip, içinden pikir öwüripdir.
Emiriň içinden näme pikir öwürýänini bilen Ybraýym Edhem elindäki iňňäni deňze zyňyp göýberipdir. Sähelçe salymdan soň, agzy altyn iňňeli müňlerçe balyk deňziň kenaryna ýüzüp gelipdir. Balyklaryň hersi:
– Eý şeýh! Haýyş edýäris, iňňäňi al – diýip dillenýärmiş.
Şonda Ybraýym Edhem emire nurly nazaryny dikip:
Eý, emir! Baky bolan köňül soltanlygyndanmy ýa-da adaty soltanlykdan? – diýipdir. Emir ýalňyş pikir edenini bilip, utanypdyr.

Şeýle beýik soltanlykdan ýüz öwrüp, gel-gel şeýle garyp durmuşda ýaşamak. Aklym haýran—

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s