
«Men-ä seni ahyrete çagyrýan, sen bolsa meni dünýä çagyrýaň»
Gijäniň birwagty ynjalyksyzlyk tapan Harun Reşid wezirini ýanyna alyp, Fuzaýl bin Yýazyň öýüne bakan tutdurýar. Baryp onuň gapysyny kakýarlar. Aňyrdan ses gelýär:
– Kimka ol?
Wezir seslenýär:
– Müminleriň emiri!
Gapynyň aňyrsynda duran Fuzaýl bin Yýaz sylap durmaýar:
– Onuň näme işi barmyş meniň gapymda?! Meniň-ä onuň bilen algy-bergim ýok. Meni bimaza etmäň!
Ýöne wezir «Rugsat ber, öýüňe gireli» diyip, halys dyzap duransoň, tagsyr bialaç gapyny açýar. Çyra söndürilen eken. Tagsyr ybadat bilen meşgul bolara çemeli. Halyf garaňkylyga gözi öwrenişmän, daş-töweregini sermeläp, öňe ilerläp barşyna onuň eli hezreti Fuzaýlyň eline degýär. Şonda Fuzaýl bin Yýaz:
– Bäh, bu elleriň ýumşajykdygyny! Häk, dowzah ataşynda ýanmaýady-da hernä! – diýýär. Harun Reşidiň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar:
– Ber nesihatyňy tagsyr, ber, ýüregimiň ynjalygy ýok.
Fuzaýl uludan bir dem alyp, söze başlaýar:
– Eý, emir, emir! Häk, näbileýin, nesihat üçin gijä galan bolaýmasaň. Ynha, birwagt seniň eždadyňdan hezreti Abbas söýgüli Pygamberimize (s.a.w) garap: «Eý, Allanyň resuly! Meni tirämize baştutan belle» diýen eken. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) oňa: «Baştutanlyk kyýamat magşarda başyňa bela bolar» diýipdir. Sen bolsa baştutanlyk ugrunda alakjap ýörsüň!
Onuň bu sözi Harun Reşidiň ýüregine howsala salyp, süňňüni gorum-gowşak edýär. Şeýle-de bolsa, ol tagsyrdan nesihatyna dowam etmegini haýyş edýär. Fuzaýl hezretleri sözüni dowam etdirýär:
– Takwalygy bilen meşhurlyk gazanan Omar bin Abdullaziz halyf bellenende, Salim bin Abdullah, Ibni Kab we Reja bin Haýwen ýaly ýaranlaryny daşyna üýşürip, olara şeýle diýipdir: «Gardaşlarym! Görşüňiz ýaly, halym harap. Her kim begligi nygmat saýýar, men bolsa azap. Men siziň ýardamyňyza mätäç, ýardamyňyza!
Şonda dostlary nobatma-nobat oňa maslahat bermäge durdular: «Magşarda hasabym ýeňil bolsun diýseň, azapdan gutulaýyn diýseň, mümin gullaryň ýaşulusyny ataň, ýaş kiçisini gardaşyň, balasyny perzendiň bil! Yslam ülkesi seniň öýüňdir. Maşgala agzalaryňy eý gör, syla, söý! Dünýälik zatlar üçin «agzyň bekli» bolsun, agzyňy haçan amanadyňy tabşy:rsyň, şonda açarsyň!»
Şu gürrüňinden soňra tagsyr halyfa garap şeýle diýdi:
– Sen halyf bolaňda nesihat soran adamyň boldumy?! Hakalla kyýamat güni her bir mümin üçin senden hasap sorar.
Hezreti Fuzaýl müminleriň emirine ýene birnäçe nesihat kyldy. Mundan artygyna emiriň ýüregi takat getirip biljek däldi. Şonuň üçin ol gitmek bilen boldy. Gapydan çykyp barýarka, tagsyra ýüzlenip:
– Tagsyr! Saňa bergi-borjum-a ýokdur? – diýdi. Hezreti Fuzaýl gamgyn ýylgyrdy-da:
– Bar, ýöne maňa däl. Allatagala bar. Ol hem etagat borjuň – diýdi. Bu gepden soň müminleriň emiri:
– Beýleki adamlara-da bergiň ýokmy? – diýip sorady.
– Hudaýa şükür, olara-da ýok.
Harun Reşid şonda-da tagsyra tylla dolusy haltajygy goýup gitjek boldy. Şonda hezreti Fuzaýl emire gatyrgandy:
– Görýän welin, nesihatym ýele giden eken. Men-ä seni ahyrete çagyrýan, sen bolsa meni dünýä çagyrýaň.
Harun Reşid öýden çykansoň wezire garap, şeýle diýdi:
– Soltan diýibem şuňa diýäýseň!
— Bar, ýöne maňa däl. Allatagala bar. Ol hem etagat borjuň —
Şol döwrüň alymlary ylmyň mertebesine şek ýetirmekden howatyr ederdi. Kimsäniň öňünde kiçelmezdi. Sözi bilen däl-de, köplenç, hal-ahwaly bilen görelde bolardy. Olaryň dilinden Rab kelamy düşmezdi. Işi-pişesi Ony tanatmakdy. Bütin maksady Ony razy etmekdi. Bir gep bilen aýtsak, olar Rabbyň huzurunda agyz açmaga taýýarlyk görýän naýbaşy şahsyýetlerdi. Şol zamanyň emirleri hem olardan kem galmaýardy. Olar hökümdarlygy nygmat däl-de, ezýet bilýärdiler. Bir gezek Harun Reşid Käbede togap edip ýörkä, kimdir biri onuň gulagyna çawuş çakýar: «Eý, halyf! Şu görýän adamlaryň diňeje öz ömrüniň hasabyny bererler, sen bolsa olar üçinem hasap bermeli bolarsyň!» Şonda halyf çaşyp ýatyberipdir.
Şol halyflaryň biri hem Omar bin Abdulaziz bolsa gerek. Diňe iki ýyl çemesi çydam edip bilipdir, şondan soň dünýeden ötüpdir.