HIKMET

Bir gün ummanda syýahat edýän bir gämi heläkçilige uçrapdyr. Gämiden ýeke adam halas bolupdyr. Tolkunlar ol adamy kiçijik ada taşlapdyr.
Adada galan adam kimdir biriniň gelerine garaşypdyr. Gije-gündiz Allatagala ýalbaryp, gözüni asman bilen ummanyň tapyşýan ýerine dikip oturar eken. Emma ne gelen barmyş, ne giden…
Ol tupandan, ýagyşdan hem-de wagşy haýwanlardan goranmak üçin agaç-ugaçdan külübejik ýasanypdyr. Kenardan tapan zatlaryny, weýran bolan gämiden näme galan bolsa, ählisini külübesine daşapdyr.
Günler birmeňzeş geçip durmuşyn. Balyk tutup iýýär we alyslara garap, Alladan medet dileýär eken.
Bir gün süýji suw gözläp, töwerege aýlanmaga çykypdyr. Dolanyp geleninde bolsa, külübejiginiň ýanyp durandygyny görüpdir. Ýanýan külübejigiň tüssesi burugsap duran eken. Alaçsyz galan adam ederini, goýaryny bilmeýär.
– Alla jan! Men beýle näme günä etdim?! Ne güne saldyň meni?!-diýip, Beýik Ýaradana nalyş edýär.
Gijäni ahu-perýat bilen geçirýär. Şonça doga-dileg etse-de, Allatagalanyň onuň külübejiginiň ýanmagyna näme üçin ýol berendigine düşünip bilmeýär.
Ertesi ir bilen ada ýakynlaşyp gelýän bir gäminiň zoguna oýanypdyr. Hawa, hawa, barja umydyny üzen mahaly ony halas etmege gelýärdiler.
Ol perişan halda:
– Meniň bärdedigimi nädip bildiňiz? – diýip sorapdyr.
Alan jogaby ony hem geň galdyrypdyr, hem utandyrypdyr:
Uzakdan seniň ýakan oduň tüssesini gördük!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s