KIÇIJIK NURBAT…

Ummanlary aşýan äpet gämide iki tagtany bir-birine baglaýan kiçijik nurbat bardy. Ol bir gün içiniň juda gysýandygyny aýdyp, “zaýa nurbat” bolasynyň gelýändigini dillendirdi. Onuň islegini eşiden beýleki nurbatlaram şonuň ýaly içleriniň gysýandygyny we “zaýa nurbat” bolaslarynyň gelýändigini aýdyp, gygyryşyp başladylar.
Nurbatlaryň islegleri gäminiň demirden ýasalan gapyrgalaryna baryp ýetdi we olaryň hemmesini gorky gaplap aldy. Olar:
– Haýyş edýäs, beýtmäýiň – diýip ýalbarmaga durdular. – Göwräňiziň kiçiligiňize garamaň, siziň wezipäňiz kiçi-girim zat däl – diýdiler.
Ahyry gäminiň parçalary öz aralarynda üýşdüler-de şol kiçijik nurbadyň üstüni ilçi ýolladylar. Nurbada ýerinde durmalydygyny aýtdylar. Eger durmasa, gäminiň çym-pytrak boljakdygyny we ummany geçip bolmajakdygyny duýdurdylar.
Kiçijik nurbat şonda özüniň ähmiýetine göz ýetirip, öňki duran ýerinde galmagy ýüregine düwen bolmaly, sebäbi gämi geçmeli ýoluny tamamlap, gämi menziline sag-aman bardy.

(Rudýard Kipling)

– Göwräňiziň kiçiligiňize garamaň, siziň wezipäňiz kiçi-girim zat däl –

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s