
Bu ýerde has eziz güne bäs edip,
Lowurdap ýatmasy ýaşyl otlaryň,
Şemal i:şen ýallaryny tasadyp,
Uzaklardan kişňemesi atlaryň.
Aýaklarny ýaba sokan gamyşlaň,
Ses-selemsiz saňňyldysy näme üçin?
Oraga ugraýar ümüş-tamyşda,
Papagyny çümre geýen paýtunçy.
Basym garaldar ol dünýäň gohundan
Suwuň ýaşyl perileriniň bagtyny.
Gamyş irden mal oty bor ahyrda,
Galanyny tüýdük eder agtygy.
Gökde şol tüýdügiň owazyn eşden
Aglap geçer ala ýazyň durnasy.
Ýakýa meni çisňemesi ýagyşlaň,
Hem baglaryň diňşirgenip durmasy.
Enem, sen şu mahal ukyda dälsiň,
Öýe ýetip barýan, aýagym batga.
Eýläk-beýläk hellewleýär mejalsyz,
Mellegmizde serhoş kimin garantga.
Ine, oba, zat ýok göwnümi ýakýan,
Daşda galdy, “gitme” diýip ýalbaran.
Käte öýsüz itler öňümden çykýar,
Daň säher çaglary selpeşip ýören.
Ýöne gussalarym gidenok sa:bap,
Humar bolan gara başym säm meniň.
Sende çirim etmän geçipdir obam,
Gijäm meniň…
Hoş gal, obam, gökde güne bäs edip,
Lowurdap ýatmasy ýaşyl otlaryň.
Çagy:r meni ýallaryny tasadyp,
Uzaklardan kişňemesi atlaryň.
Şähribossan