JAÝDAR JOGAPLAR…

«Ýekeje gapy ýeterlik!»
Hindistanda Beýik Mogollar döwletini esaslandyryjy Babyr şa örän eli açyk, sahawatly hökümdar eken. Bir gün onuň huzurynda guralýan mejlisleriň birinde jomartlygy bilen dillere dessan bolan Hatam Taýdan söz edilýär. Oturanlaryň biri Hatam Taýyň kyrk gapyly jaý gurdurandygy, haýsy gapydan dilegçi gelse, ýekejesiniň hem boş gaýtarylmandygy, şol bir dilegçi aýlanyp, kyrk gapynyň kyrkysyndan baranda-da, «Sen mundan öňki gelen gapyňdan sadaka paýyňy aldyň» diýilmän, oňa her gezek aýratyn hezzet-hormat edilendigi hakynda gürrüň berýär. Şonda Babyr şa şeýle diýýär:
– Garyp-pukaralaryň ilkinji baran gapylarynda olara şeýle bir jomartlyk bilen eçilmeli, goý, ýene-de bir gapa barmaga mätäçlik duýmasynlar!

Çaganyň akyly
Bir gün Osmanly hökümdarlaryndan soltan Mahmut şähere aýlanmaga çykanda, ýolda gabat gelen oglanjyga bir altyn teňňe berýär. Emma çagajyk ony almaýar. Onuň özüne uzadylan altyn teňňäni almaýşyna haýran galan soltan munuň sebäbini soraýar. Şonda çaga:
– Soltanym! Bu altyny öýe eltsem, enem-atam «Bu altyny nireden ogurladyň?» diýip maňa gygyrar.
Soltan Mahmut oňa:
– Onuň işi haýyr ahyry. «Maňa muny patyşa berdi» diýersiň, wesselam – diýende, oglanjyk ýene-de boýun gaçyrýar:
– Muňa-ha asla-da ynanmazlar. «Eger patyşa beren bolsady, munuň ýaly az bermezdi» diýerler.
Soltan Mahmut bu çaganyň ýiti akylyna haýran galyp, oňa bir gapjyk altyn teňňe sowgat berýär.

Gürrüňçil
Bir professordan soraýarlar:
– Syýasatçy diýip kime aýdylýar?
– Birtopar meseleler hakynda boş gürrüň edýän adama aýdylýar.
– Onda, hökümet adamsy kim bolýar?
– Ol, meselelerden baş çykaryp bilmä:ni üçin geplemän oturanyny kem görmeýän adamdyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s