UMYT KYSSALARY…

Käriniň ussady

Müşderileriniň sargytlaryny ýetişdirjek bolup, öňem gyssagy özüne ýetik fabrikde önümçilik togtady. Çünki kiçijek hem bolsa, örän möhüm bir enjam bozulypdy. Şol bolmasa, hiç kim işläp bilenokdy.
Fabrigiň müdiri enjamy bejertmek üçin şäherden ökde inžener getirdi. Inžener enjamy ünsli barlandan soňra kemçiliginiň nämedigine derrew düşündi. Nurbatlaryň biri gowşan eken. Inžener nurbaty gaýym berkitdi. Enjam täzeden işläp başlady.
Inženere eden işiniň muzdy tölenmeli bolanda, ol hiç hili ýaýdanman:
– On müň manat bolýar – diýdi.
Fabrigiň müdiri ýönekeý bir nurbaty berkideni üçin oňa on müň manat tölemekden kes-kelläm boýun gaçyrdy. Inžener bolsa şondan az tölenmegine razy bolanokdy. Müdir ahyrynda bu meseläni fabrigiň eýesine aýtmaga mejbur boldy. Ýagdaýy öwrenen fabrigiň eýesi inženeri ýanyna çagyryp, ondan ýagdaýy sorady:
– Näme sebäpden bir nurbaty berkitmek üçin beýle köp hak talap edýärsiňiz?
Inžener oňa şeýle jogap berdi:
– Men on müň manady bir nurbaty berkitmek üçin alamok ahyry! Diýýän hakymyň bäş müň manady nurbaty berkitmek üçindi, galany bolsa haýsy nurbaty towlamagyň zerurdygyny bilenim üçindi.
Bu jaýdar jogaby eşiden fabrigiň eýesi talap edilen puluň tizden-tiz tölenmegini buýurdy we ussany fabrigiň tehniki işler müdüri edip işe aldy.

Müň nesihatdan bir musybat

Günleriň birinde bir patyşa ýanynda täze hyzmat edip başlan guly bilen gämä münýär. Bu tejribesiz gul öň hiç hili deňizde ýüzüp görmedik, gäminiň mähnetini çekmedik oglan eken.
Gorkudan ýaňa saňňyldap duran gul gämä münüp-münmän aglamaga başlaýar. Ýanyndakylar ony köşeşdirmek üçin kän synanyşýardylar, ýöne ol sesini goýman, şol eňräp oturýar. Bu ýagdaý patyşanyňam keýpini gaçyrýar. Hemmeler nä alaç etjegini bilmän durka, gämidäki adamlaryň içinden bir garry adam patyşanyň huzuryna gelýär:
– Rugsat berseňiz, men ony köşeşdirerin!
Patyşa ikelläp razy bolýar:
– Ýagşy bolardy!
Biraz soňra ýaňky garrynyň emri bilen guly deňze atýarlar. Suwa bir çümüp, bir çykyp, çabalanýan gul gark bolup ugraýar. Şonda ony saçyndan tutup, gämä tarap çekýärler. Gämä ýeten gul iki eli bilen labyrdan ýapyşýar-da, hasyr-husyr dyrmaşyp gämä münýär. Bir burça geçibem, ümsümje oturýar. Patyşa gojanyň bu pikirine haýran galýar. Ol gojadan:
Bu işiň hikmeti nedir? – diýip soraýar. Goja şeýle jogap berýär:
– Bu gul öň suwda gark bolup görmänsoň, gämideki salamatlygyň gadyryny bilenokdy. Ynha, indi rahatlyk nedir, bagt nedir, gaty oňat bilýär. Bir betbagtlyga uçramadyk kişi gowulygyň gadyryny bilmez!

Taýýarlan: Aýbölek G.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s