
Kufede ýaşaýan Ebu Hanifäniň köne-küşül oňarýan goňşusy bardy. Ol adam gündiz ugruna ertirden agşama çenli bir çüňke geçip, aýakgap bejärdi, agşam öýüne barandan soň bolsa, orta keýp suprasyny ýazyp, içmäge başlardy. Içip, başy sämänden soň bolsa, aýdyma zowladyp ugrardy, ýanaşyk oturan Ebu Hanifäni-de birahat ederdi. Ýöne soňky günler onuň ses-üýni kesilipdi. Ebu Hanife ol adama näme bolduka diýip aladalanyp sorady:
– Biziň aýakgap bejerýän goňşumyzdan ses-seda ýok-la, üç-dört gün bäri gulagyma hiç zat ilenok bir hili, nirede gezip ýörkä?
Oňa şeýle diýdiler:
– Bir töhmet belasyna uçrady. Kufäniň häkimi ony zyndana atdyrdy. Şu wagt şol ýerde ýatyr.
Ebu Hanife goňşusyny wagtynda idemäni üçin özüne igendi. Ertir namazyny okandan soň atyny eýerledip, oňa atlandy-da, göni Kufe häkiminiň jaýyna tarap ugrady. Ol ýerde ony uly hormat bilen garşy aldylar. Näme ýumuş bilen gelendigini soradylar.
Ebu Hanife:
– Meniň köne-küşül oňarýan goňşym bardy, bir ýalňyşlyk bolup, zyndana atylan eken. Şony zyndandan çykarmaga geldim, sizden onuň ýagdaýyna gaýtadan seretmegiňizi towakga edýärin – diýdi.
Biraz sorap-idelenden soň hakykatdanam ol adamyň bigünädigi mälim boldy. Ebu Hanife zyndanyň işiginde goňşusyna garaşyp durdy. Çykan badyna-da ony atynyň syrtyna mündürdi-de, öýüne çenli alyp gaýtdy. Öýüne ugrajak bolup durka-da, goňşusyna şeýle diýdi:
– Eziz goňşym, aýyplaşma, seniň ýagdaýyňdan gijräk habarym boldy, şonuň üçinem goňşulyk borjumy wagtynda ýerine ýetirip bilmedim, meniň ýazygymy geçersiň-dä!
Köne-küşülçiniň ýüzi gyzaryp gitdi, başyny zordan galdyryp, şeýle diýdi:
– Meni juda utandyrdyňyz. Mundan soňra, Allahyň öňünde söz berýärin, şol zährimary işjek däl, siziň ýaly hormatly goňşumam birahat etjek däl!
Köne-küşülçi şondan soň hakykatdanam içmändir, hezreti ymamy-da gaýdyp birahat etmändir.
Hawa onuň beýdip toba gelşine Ebu Hanifäniň yslamdaky goňşulyk borjuny ýerine ýetirişi hem sabry sebäp bolupdy. Hezreti ymamdaky şol sabyr, şol ideg bolmadyk bolsa, beýle netije-de döremezdi.