
Wepadarlyk synagy
Ýurduň soltany emeldarlaryny synamak isleýär. Maksady olaryň özüne wepalydygyny ýa-da däldigini, sähelçe bähbit üçin hyýanat edip-etmeýänini bilmek ekeni. Ine, şu niýet bilen ol bir hile guraýar. Gyrnaklarynyň birisini çagyrýar-da, oňa emeldarlaryny huzuryna çagyran çagy, ýakynragynda bolup, olara näz kereşme bilen gaş kakyp, göz oýnatmagyny tabşyrýar. Gyrnak tabşyrygy birkemsiz berjaý edýär. Gyrnagyň oýunjagazlaryna emeldarlaryň käbiriniň başy aýlanyp, onuň toruna düşýär, käbiri bolsa gyrnaga «barmysyňam» diýmeýär. Şeýdibem, emir olaryň haýsysynyň özüne wepalydygyna, haýsysynyň bolsa hyýanat edip biljekdigine göz ýetirýär.
Ynha, şu dünýä hem ynsanlara şol gyrnak deýin az pursatlyk gelip-geçip gidýän gözellikleri bilen göz gyrpyp, gaş kakýar, ýylgyryp garaýar. Ynsanlaryň käbiri sähelçe ýylgyryşa aldanyp, derhal Soltanyny unudýar, oňa hyýanat edýär. Özleriçe hil bir zada ýetýän ýalydyrlar welin, şol wagt wepadarlyk synagyndan geçýändiklerinden, sähelçe näz-kereşmäniň özlerine nähili zyýan ýetirýändiginden bolsa bihabar. Bu biwepalylyk olara oňlulyk getirmez, eýsem elindäkisinden hem dyndarar!
Gyrnagyň oýunjagazlaryna käbiriniň başy aýlanyp, onuň toruna düşýär, käbiri bolsa gyrnaga «barmysyňam» diýmeýär.

Çyn basnýa
Bir adam garaňky gatlyşyberende, hemişeki ädehedine görä, malyny eltip malýataga daňýar. Ýary gije bir ýolbars gelýär-de, ýaňky sygry lak-luk atýar. Soňam sygryň ýerine geçip ýatyberýär. Onýança malyň eýesi «Gel-aýt, şü mallara bir esewan edip gaýdaýyn» diýip, malýataga gelýär. Barybam sygrynyň ýerine geçip ýatan ýolbarsyň arkasyny sypamaga durýar. Şonda ýolbars öz ýanyndan şeýle diýip oýlanýar:
- Gündizlik bolup, nämäni sypalap duranyňy bir görsediň, beýle yhlas etmezdiň. Zähräň ýarylan ýaly ökjäni götererdiň sen!
Hawa, adam dünýäniň bir enaýy bolup görünýän zatlarynyň ahyretdäki ýigrenji keşbini bir görsedi, olaryň ýanyna baranyna ökünmek ökünerdi. Iň kiçi günäniňem golaýyndan barmazdy. Nätjek, gaflat garaňkylygyna giripdir-dä, şony bilenok-da.