DÜNÝÄ DURSUN PARAHAT

Allanyň söýgüli bendeleri


Çöl-beýewan bilen gidip barýan kerwende bir garyp adamyň düýesi çöküp ýatyberýär. Garyp biçäre düýesini şunça ýerinden gozgajak bolup her zat edýärem welin, teý bolmaýar. Bitap janawer ýer bagyrtlap ýatyr diýýär. Ahyry bolmansoň, onuň ýüküni ýazdyryp, beýleki bir düýä ýükleýärler. Kerwen düýäni şol ýerde taşlap, ýoluny dowam etdirýär. Kerweniň o taýdan uzaklaşany hem şol welin, düýäni wagşy haýwanlar gallap alýar. Ýöne näme üçindir olaryň hijisi halsyz ýatan jandara batyrynyp bilmeýär. Uzakdan synlaýan adamlar muňa haýran galýar. Olaryň arasyndan birisi munuň sebäbini anyklamak üçin assyrynlyk bilen düýe janaweriň golaýyna barýar. Görse, düýäniň boýnunda dogaly tumar bar ekeni. Bu adam tumary alyp, düýäniň ýanyndan uzaklaşandan, ýaňky ýyrtyjylar gabyr-gubur bolşup, düýe janaweri tike-tike edýär.


Bu dünýä hem şol düýä meňzeýär. Onuň boýnunyň tumary Allanyň söýgüli bendeleridir, ulamalardyr, ýagşyzada welilerdir. Ine, şu «tumar» onuň boýnundan gaçman dursa, dünýämiz asuda, durmuşymyz abadan bolar. Olaryň sany azalsa ýa-da olar ynjadylsa, şol asudalykdan, abadanlykdan nyşan galmaz.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s