
Rabbymyň öňünde günäkär bolmakdan Rabbyma sygynýaryn!
Haktagala Jebraýyl aleýhyssalama toprak alyp gelmegi buýurýar. Niýeti Adamy ýaratmak ekeni. Şonda toprak Jebaraýyla (a.s) garap şeýle diýýär:
— Rabbymyň öňünde günäkär bolmakdan Rabbyma sygynýaryn!
Şunlukda, Jebraýyl (a.s) toprak «Rabbyma sygynýaryn» diýip duransoň, Allanyň huzuryna eli boş gelýär. Allatagala ondan munuň sebäbini soraýar. Ol hem bolan zady bolşy ýaly aýdyp berýär. Allatagala soňra Mikaýyl aleýhyssalamy iberýär. Toprak Mikaýyla (a.s) hem şol diýen sözüni gaýtalaýar. Mikaýyl (a.s) hem toprakdan zat almaga bogny ysman, eli boş gaýdýar. Haktagala bu sapar Ezraýyl aleýhyssalamy iberýär. Toprak Ezraýyl aleýhyssalama-da özüniň kemli bir zada öwrülmeginden teşwüş edýändigini, munuň üçin Rabbyna sygynýandygyny aýdýar. Ezraýyl (a.s) hem oňa «Menem Rabymyň tabşyrygyny berjaý etmän biljek däl. Beýle kemçilik goýbermekden menem Rabbyma sygynýaryn» diýýär. Garasaý, Ezraýyl (a.s) az-owlak toprak alyp, Allanyň huzuryna barýar. Şonda Allatagala Ezraýyldan (a.s) şeýle sowal edýär:
— Eýsem, toprak saňa özüniň teşwüşini (ünji) aýtmadymy?
Ezraýyl (a.s):
— Aýtdy, ýöne men hem Siziň emriňizi berjaý etmän biljek däldigimi, beýle kemçilikden Rabbyma sygynýandygymy bildirdim. Şeýdibem toprakdan biraz alyp gaýtdym.
Şonda Allatagala şeýle diýýär:
— Onuň ýaly bolsa, toprakdan gelen zady ýene topraga gaýtaryp bermek işini hem saňa tabşyrýaryn.
***
Topragyň erk-eradasam ýok, kemçilik edere ukybam. Diňe ynsan bolmak bilen onda şeýle ukyp peýda bolýar. Ynsan günä işlemek bilen kemçilige öwrülýär. Gudraty güýçli Allanyň öňünde ýüzügara bolýar. Topragyň Alla sygynmagy hem ana, şondan. Rabbyň öňünde kemçilik goýbermekden ýene-de Rabbyňa sygynmak gerek. Ol soňsuz Kerem eýesidir.
— Onuň ýaly bolsa, toprakdan gelen zady ýene topraga gaýtaryp bermek işini hem saňa tabşyrýaryn.
