PÄHIMDEN DAMAN DÜRLER

* Akmak görünmäge çalyşmak iň uly akyllylyk.
* Kaşaňlyk garaýan zadyňda däl-de garaýşyňda bolmaly.
* Her hili ýamanlygy etmäge güýjüň ýetýärkä, hiç bir ýamanlygy etmezlik: ine hakyky ýagşylyk!
* Dana adam hemme zada haýran galýan adamdyr. 
* Şübheler bagty bize haram etmäge ýetýär.
* Açylmadyk ganatlaryň ululygyny bilip bolmaz.
* Ýatlama ýazmak ölümiň elinden bir zatlar alyp galmakdyr.
* Oňat başlamak eýýäm ýarysyny başarmak diýmekdir.
* Iň owadan gül iň tiz solýanydyr.
* Başga biriniň siziňkiçe oňat edip biljek işini, goý degmäň, ol etsin, siz etmäň.  
* Hakykaty gözleýänlere ynanyň. Tapdym diýýänlerden çekiniň.
* Hakykaty gözleýänlere ynan we olaryň tapan zatlaryndan şübhe et.
* Ýaşaýyşa ýaş bilen däl, ýaşamak bilen düşünip bolýar.
* Öz bagtyna özi päsgel bolmak babatda adam ýoňsuz ussat.
* Ýükümiz näçe agyr we hupbatly bolsa, şonça-da ruhumuzy terbiýelär we beýgelder.
* Arzuwlar! Hiç ýadamazmysyňyz?!

Hakykaty gözleýänlere ynanyň. Tapdym diýýänlerden çekiniň.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s