TARYHYŇ IÇKI SAHYPALARY

1.
DÜÝŞDE ORAŞAN GÖRLEN GUSSALY SÖÝGİ
(Melek Ahmet Paşa we Gaýa Ismihan Soltan)
«Hiç bir ýigidiň kysmatyň öňünde
durup biljek galkany ýokdur».
Hezreti Aly (r.a)

Adyna mynasyp Melek
Çarhypelegiň XVI asyryň ýyllaryny çarhynda aýlaýan günleriniň birinde Şähri-Stambulyň Fyndykly mähellesinde seredeniň gözüni gamaşdyrýan nurana ýüzli oglanjyk dünýä inýär. Bu bäbek Ýowuz Soltan Selimiň baş weziri Gara Piri Paşanyň hazynadan jogapkär emeldary, deňiz beglerinden Perwana Kaptanyň ogludy. Oglanjygyň atasy «Bilip bolmaz, birdenkä ertir-birigün ahyrete göçäýmäýin» diýip, Tophananyň ýanyndaky kenarýaka öýünde ýorgan-düşekleriniň ýanynda ýedi ýyllap tabydyny saklan takwa kişidi. «Ahmet» diýlip at goýlan bu çagajyk, ine, şunuň ýaly dindar, salyh kişileriň maşgalasynda ýagty jahana gelýär.
Haçanda körpeje Ahmet biraz ulalyp, ese-boýa galanda, kakasy ony soltanyň huzuryna çykarýar. Soltan Ahmet ýüzünden nur ýagyp duran çagajygy görüp:
– Tüweleme! Bu oglanjyk «Lakad halaknel insane fi ahseni takwim» (Biz adamy iň kämil derejede ýaratdyk)»* diýen aýaty doly tassyklap dur-la! – diýip taryplaýar hem-de onuň adynyň öňüne «Melek» diýip, ýene bir at goşdurýar. Şeýlelik bilen, körpe Melek Ahmet köşke getirilip, terbiýelenip başlanýar. Oňa tälim-terbiýe bermek wezipesi Darüssadanyň jogapkäri Hajy Mustafa tabşyrylýar.
Birnäçe ýyllap Enderunda* terbiýelenen Melek Ahmet ilki-ilkiler şol ýerde zähmet çekýär. Soňra oňa «Aga» derejesi berlip, wezir-wekilleriň ygtyýaryndaky emeldar bolup işläp başlaýar. Has soňra çuhadarlyk* wezipesine çekilýär. Özüne ynanylan islendik wezipäniň abraý bilen hötdesinden gelýän bu mähnet göwreli pälwan ýigit soňky ýyllarda basgançak-basgançak beýgeldilýär. Melek Ahmet Paşa Osmanly goşunynyň ýaraglardan jogapkär wezipesine bellenenden soň köp wagt geçmänkä, ýagny 1638-nji ýylda üç tugly wezirlik derejesine mynasyp görlüp, Diyarbekir welaýatyna häkim edilip iberilýär. Bu ýerde hem az salym işländen soňra Musuldaky goşunyň serkerdeligini kabul edýär. Melek Ahmet Paşa 1640-njy ýylda Stambula dolanyp gelýär we döwletiň uly wezirleriniň hataryna goşulýar.


Gaýa İsmihan Soltan
Senenamanyň ýapragy 1644-nji ýylyň 10-njy sentýabryny görkezende, Melek Ahmet Paşa soltan Myrat IV-niň Gaýa Ismihan Soltan atly kalp gözi açyk, aýyň bölegi ýaly owadan gyzyna öýlenýär. Melek Ahmet Paşa tä baş wezirlige çenli beýgeldilýänçä Diýarbekirden Bagdada, Wandan Bosniýa çenli sebitlerde zähmet çekip, köp muşakgatlary başyndan geçirýär. Ol bütin ömrüni Osmanly döwletine hyzmat etmäge bagyşlaýar.
Gaýa Ismihan Soltan bolsa bu takwa maşgalanyň zenanlaryna öňbaşçylyk edýär. Myrat IV-niň üçünji gyzy bu ýaş zenan Melek Ahmet Paşa bilen toý tutandan soň durmuşyny hasam takwalyk, ybadat bilen bezeýär. Belli bir wagtdan soň Goja Mustafa Paşa Şeýh Hasan hezretlerine gol berip, Rabiýatül-Adawiýýe kimin ybadatdyr zikir bilen öýüni nurlandyrýar.
Ine, şeýle günleriň birinde Gaýa Soltan hamyla bolýar. Bu begençli wakanyň yzysüre bu takwa zenan üýtgeşik bir düýş görýär. Gaýa Soltan gören düýşüni adamsyna gürrüň berýär:
– Paşam, öten gije bir geň düýş görüpdirin. Mümkin bolsa, ýorgudyny aýdyp beräýseňiz? Düýşümi aýtsam, jennetiň baglarynyň içinde gezip ýörkäm, atam soltan Ahmet han elimden tutup, köşkleri, owadan-owadan ýerleri, hüýr-perileri we gulmanlary görkezdi. Gezip ýörkäk, «Gaýa gyzym, seret! Alla maňa nämeler bagyş etdi! Bir gezek soltan wagtym täze metjidiň gurluşygynda edil beýleki işçiler bilen bir hatarda etegimi doldyryp, daş daşap ýörkäm, «Eý, Allam! Şu Ahmet bendäň çekýän zähmetini uly dergähiňde kabul et!» diýip aglap, etegimdäki daşlary dökäýipdirin. Alla şol eden hyzmatymy kabul edip, maňa jennetinden ýer berdi. İndi senem gel-de, meň bag-bakjamyň hözirini gör!» diýdi. Şol wagt bir ýerden soltan Mustafa çykyp, «Eý, dogan! Biraz tagapyl et! Gaýa gyzymyzyň perzendi ýok. Goý, Melek Ahmetden bir gyzy bolup, dünýäň lezzetinden datsyn, nesli hem dowam etsin! Soň gelip, biziň seýilgähimizde geziberer» diýen badyna atam hem şu niýet bilen «Fatiha!» diýip el galdyrdy. Eline seredemde gan bardy. Menem elim bilen ýüzümi syldym welin, sag elime gan degdi. Şol wagtam, gorkup turupdyryn. Gowulyk bolabersin-dä hernä!
Melek Ahmet Paşa düýşlere oňat düşünýärdi. Aýalynyň gören düýşüniň ýorgudynyň gynançlydygyny bilip durdy. Ýöne ol bu gussaly ýorgudy aýtman, ýanýoldaşyna gynanjyny bildirmezlige çalyşdy. Gaýa soltana gören düýşüniň haýyrly, oňat düýşdigini aýdyp, köp-köp sadaka bermegini tabşyrdy.
Gaýa soltan hem adamsy ýaly ýagşylyk etmekde ýaryşýan göwnaçyk, sahy zenandy. Ol haýdan-haý Mekge-Medinäniň garyp-gasarlaryna köp sadaka paýlady.
Dowamy bar…

*«Tin» süresi, 4.
*Enderun– Osmanly Türkmen döwletinde şazadalary hem-de gelejekki döwlet işgärlerini ýetişdirmek maksady bilen soltanyň köşgünde açylan ylym-terbiýe hem-de harby tälim berýän mekdep.
*Çuhadar- Osmanly Türkmen döwletinde köşk emeldarlarynyň biri bolup, soltanyň egin-eşiklerine gözegçilik edýän kişi. Çuhadar soltanyň iň ýakyn adamlarynyň biri bolupdyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s