ŞYGYRLAR ÇEMENI…

SÄHRAM

Al-elwan güllerden
Galypdyr duman.
Geçen günlerimden
Ýok mende arman.

Gülleriň ysyndan
Serhoş bu asman,
Sährany diýsen-e,
Elheder-aman!

Özümi gynadym
Boldy bir çeni.
Äkit, eý, gyr atym,
Giň sähra meni.

Ýaşyl semal deýin,
Ganatly deýin,
Gideýin, gideýin,
Sähra gideýin.

Aýlana-aýlana,
Göwnüm açaýyn.
Ýylakly ýaýlalaň
Çalyn içeýin.

Giň asmanyň aýyn
Synlap bir zaman,
Gojany diňläýin,
Özüm gürlemän.

Aç gujagňy, sähram,
Goýnun çaglydyr.
Menin ähli baham
Saňa baglydyr.

Sen mana pata ber
Perzendin deýin,
Seniň dursuna der
Ýüzün öpeýin.

Bu beýik baglaram
Başlanýar ýerden.
Bu beýik daglaram
Başlanýar ýerden.

Sähram!
Synmaz örküm,
Syryň aç mana!
Ýer ber.
Menem köküm
Uraýyn saňa!

GURBANNAZAR

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s