ŞYGYRLAR ÇEMENI…

MUGALLYMYŇ SÖZI

Mugallymyň sözi – Watanyň sözi,
Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun.

“Mugallym şeý diýdi!” diýer çagalar,
Mugallym diýdimi – kesiler jedel.
Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,
Çagalar daň bilen mekdebe gider.

Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,
Çagalar ýene-de mekdepden gaýdar…
Onsoň çagalar hem mugallym bolup,
Ol sözi
Geljekki
Nesile
Aýdar.

Ýaşar,
Işlär ýörer mugallym sözi,
Mugallymyň sözi – Watana ömür.
Şeýdip mugallymyň aýdan sözüni
Asyrdan asyra äkider döwür.

KERIM GURBANNEPES

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s