ŞYGYRAR ÇEMENI…

Aşyk men

Watan seniň gülgün geýen,
Ýazyňa aşyk bolmuşam.
Tarypyňy dünýä ýaýan
Sazyňa aşyk bolmuşam.

Şygyrlarym ganat-perim,
Düzüwdür pälim-netlerim,
Toýlar sowan tez atlaryň,
Tozuna aşyk bolmuşam.

Öz mertligin duýup giden,
Söýülen hem söýüp giden,
Atalaryň goýup giden,
Yzyna aşyk bolmuşam.

Şat günleriň bir egine,
Tesellidir ýüregime,
Mele-myssyk çöregiňe-
Duzuňa aşyk bolmuşam.

Şan getiren kowumyna,
Bäs gelmeýän dogumyna,
Seni söýen ogulyňa-
Gyzyňa aşyk bolmuşam.

Güller hünji deý düzülen,
Ezelden waspy ýazylan,
Ýaýlaňda owlak guzulaň,
Bazyna aşyk bolmuşam.

Söýgä ýok ölçegiň-çeniň,
Goýnunda ölçegim meniň,
Ata ýurdum watan seniň,
Özüňe aşyk bolmuşam.

ŞÄHRIBOSSAN

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s