ŞYGYRLAR ÇEMENI…

DON BOLSA

Ten ýapmaga köýnek islär ýalaňaç;
Köýnekli diýr: “Wah, üstünde don bolsa!”
“Baş saglyk” diýp, Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapsa, arzuw eder – on bolsa.

Ol ýigitler çeke-çeke hasreti,
Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýer: mugt, tükenmez nan bolsa!

Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,
Gyz-gözelden mahbup istär, köp öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat,
Köňli istär, beýik şähre han bolsa.

Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,
Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,
Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa.

Magtymguly, görüp duşman tagnasyn,
Mert oldur, şat tutar gamdan synasyn,
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn,
Karun kimin näçe haznaň kän bolsa.

PYRAGY

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s