
GARŞY KENAR
Görnükli türk şahyry Nejip Fazyl Kysakürek bogazyň bir ýakasyndan beýleki ýakasyna geçmek üçin gäminiň üstünde barýarka, ýanyna bir adam gelýär-de:
– Ussat, – diýýär. – Pygamberler nämä gerek, biz öz ýolumyzy özümiz tapardyk-da?
Nejip Fazyl okap oturan kitabyndan başyny hem galdyrman:
– Sen näme üçin gämä mündüň, o tarapa ýüzüp geçsene – diýip jogap berýär.
ŞOL BIR TERBIÝE
Sagdy Şirazynyň iki sany okuwçysy bar eken. Dersler geçilip gutarylansoň ýaňkylaryň biri synaglary üstünlikli tabşyrýar, beýlekisi bolsa, netije görkezip bilmeýär. Ýalta okuwçynyň kakasy gelip: “Näme üçin şol bir terbiýäni berip bilmediňiz, meniň çagam näme üçin oňat netije gazanyp bilmedi?” diýip soranda, Sagdy Şirazy oňa şeýle jogap gaýtarypdyr:
– Terbiýe – şol bir terbiýe, ukyp-başarnyk tapawutly.
EZRAÝYLAM ÝATDAN ÇYKARARMY?
Iňňän işeňňir adam bolan we uzak ömür süren halypa mugallym Süheýl Ünwerden bir gün şeýle sorag sorapdyrlar:
– Näme, Ezraýyl sizi ýatdan çykardymyka, halypa?
Ondan şeýle jogap alypdyrlar:
– Ýok, ýaňy-ýakynda görüşdik, onuň bilen. Maňa şeý diýdi: “Boş gezip ýöreniňi görsem äkiderin”.
“Boş gezip ýöreniňi görsem äkiderin”.