Ol kim?

Hezreti Omar
Hezreti Omar (r.a) namazda durka, eýranly otparaz gul tarapyndan hanjarlanýar. Şeýle hem bolsa hezreti Omar (r.a) bar güýji bilen namazyny soňuna çenli okamaga çalyşýar. Töweregini gallap duran adamlar oňa şunça «Bu ýagdaýyň bilen nädip namaz okajak?!» diýseler-de, onuň bar küýi namazdady. Ýykylan ýerinde zol «namaz, namaz» diýip, gaýtalap ýatyrdy. «Namaz, namaz» diýip, amanadyny tabşyraýjak ýalydy. Şeýdibem, özünden gitdi. Bütinleý huşuny ýitirdi. Adamlar ony şunça özüne getirjek boldular, başa barmady. Şobarmana bir ýerlerden Miswer ibn Mehrame (r.a) atly ýaş sahaba ýetip geldi. Näme etjegini bilmän aljyraşyp duran adamlar ony gören badyna: «Müminleriň emiri özüne gelenok» diýip, elewreşdiler. Ýaňy jahyl çykan bu ýaş ýigit hezreti Omary (r.a) biçak gowy tanaýardy. Ol derrew: «Ony namaza çagyryň» diýdi. Şunlukda, adamlaryň biri emiriň gulagyna: «Essala, ýa Emirul-Müminin» diýip, ony namaza çagyrmaga durdy. Heý, namaza çagyrylar-da, Omar (r.a) namaza gelmezmi?! Tyg çekilse-de, ataşda daglansa-da, suwda gark bolsa-da Omar (r.a) eýder-beýder, namaz üçin turar. Şeýle-de boldy. Ol gulagyna gelen sese gözüni açdy-da: «Ynha, ýetdim» diýip, ýerinden turjak boluberdi.


Bir alymyň bu barada şeýleräk sözi bar: «Eger Müminleriň Emirine sesini eşitdirip biljek är kişi bar bolsa, «Es sala!» diýip, seslendigi, onuň (r.a): «Ynha, ýetdim!» diyip, gabryndan okdurylyp çykjagy gümansyzdyr. Sebäbi, ol (r.a) namazyň aşygydy».

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s