
Möwlana hezretleri bir gün ders berip otyrka, talyplaryna, ynha, şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
– Beýik Biribar özüniň Kurany-Mejidinde «Iň erbet ses eşegiň sesidir» diýipdir. Şonça haýwanyň arasyndan ala-böle eşegiň saýlanyp-seçilmeginiň sebäbi nämekä? Nähili pikir edýärsiňiz?!
Talyplar munuň hikmetini halypalarynyň özüniň düşündirip bermegini haýyş edýärler. Möwlana hezretleri olara şuny gürrüň berýär:
– Her jandaryň özüne mahsus zikir edişi, tesbih çekişi bardyr. Adamlar düýäniň sesini bozlamak, ýolbarsyňkyny arlamak, sinegiňkini wyzzyldamak diýip atlandyrýar. Aslynda şol sesler olaryň zikiridir. Gökdäki perişdeleriň hem özlerine mahsus zikir edişi bardyr. Emma eşek biçäre iki ýagdaýda aňňyrýandyr. Bir-ä jübütleşmek islän wagty, bir-de ajygan wagty.
Diýmek, eşek keýpiniň we gara bokurdagynyn ýesiri ekeni. Köňlünde Alla söýgüsi, Haky tanatmak derdi bolmadyk, diňe gara bokurdagy, haý-höwesi bolan kişiniň sesi Allanyň gatynda eşegiň sesindenem ýigrenji eşidilýändir.
Eger ynsan diňe gara garnynyň aladasynyň, dünýewi arzuw-isleglerini kanagatlandyrmagyň ugrunda selpäp ýören bolsa, bu durmuşda hakykata gulluk edýän beýik ideýalary, maksatlary bolmasa, onuň sesi eşegiň sesinden enaýy däldir. Onuň sesi uly bir belanyň habarçysydyr.
Adamyň gymmaty gulluk edýän ideýasyna görä kesgitlenýändir. Kimde-kim milletiniň bähbidini öz bähbidinden öňde goýýan bolsa, şol kişiniň täk özi özbaşyna bir milletdir.