SOLTAN DIÝENIŇ…

Bir namazyny hem terk etmedik ymam
Baýezidi-Weli metjidiniň açylyşynda Zenbilli Aly Efendi hezretleri jemagata ýüzlenýär:
– Eý, musulman doganlar! Araňyzda bu metjitde okaljak ilki namaza ymamlyk etmäge laýyk kişiler hökman bardyr. Ine, hut şol sebäpli hem içiňizden biriňizi saýlap-seçmekde kynçylyk çekýäris. Mundan ötri size şeýle bir teklip bilen ýüzlenýärin: şu jemagatyň içinde kämillik ýaşyna ýetenden soňra ýekeje namazyny-da geçirmedik kişi bar bolsa, goý, şol hem ymam bolsun. Hany, indi, araňyzda şeýle kişi bar bolsa, gaýrat etsin-de mähraba geçsin! Biz garaşýarys!
Birbada metjidiň içi dym-dyrs boldy. Hiç kim mähraba geçibermeýärdi. Birhaýukdan soňra jemagatyň arasyndan biri ýerinden turdu-da, Zenbilliniň golaýyna bardy we onuň gulagyna şeýle diýdi:
– Hudaýa şükür, şazada wagtymda-da, soltan bolanymdan soň hem, dynçlyk döwürlerde-de, söweş heňňamynda-da wagt namazlarymyň ýekejesini-de terk etmedim.
Ol şeýle diýdi-de mähraba geçdi. Yzyndanam «Allahu ekber» diýip, şeýle bir tekbir getirdi welin, jemagatyň ini jümşüldäp gitdi. Bu tekbir sesi bütin ýürekleri joşa getirdi.
Elbetde, bu Soltan Baýezid II hanyň hut özidi.
***
Millet nähili bolsa, şonuň ýaly hem dolandyrylýandyr. Süýdüň ýüzüne çykan gaýmak şol gabyň içindäki süýtden döreýändir. Şu hadysadan görnüşi ýaly, Osmanly döwleti elekden geçirilse, ähtimal, soltanlyga laýyk ýene-de şol bir şahsyýetler öňümizde peýda bolardy.

Elbetde, bu Soltan Baýezid II hanyň hut özidi.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s