GÖZEL AHLAK
Ýaňy musulman bolan bir ermeni goňşymyz bardy. Bir gün ondan nädip musulman bolandygyny soranymda, ol maňa şeýle jogap berdi:
– Meniň musulman bolmagyma goňşymyň gözel ahlagy sebäp boldy. Goňşym süýt satyp, gün-güzeran aýlaýan bir musulmandy. Bir gije bize gelip:
– Alyň, bu süýt siziňki – diýdi.
Menem geň galdym.
– Bu nädip biziňki bolýar. Men sizden süýt sargamandym ahyry – diýdim.
Şonda goňşym maňa:
– Meniň bir sygrym siziň mellegiňize geçipdir. Şonuň üçin hem bu süýt siziňki bolýar – diýdi.
Men oňa:
– Goňşy, otuň hem bir gürrüňi bolarmy? Iýen oty saňa halal bolsun – diýsem-de ol ýene:
– Ýok, ýok, beýle bolmaýar. Bu malyň süýdi siziň hakyňyz – diýip, getiren süýdüni maňa zor bilen aldyrdy.
Şol goňşymyň gözel ahlagy mende juda uly täsir galdyrdy. Men şondan soň musulman bolmagy ýüregime düwdüm.
