TÜÝS ÝÜREGIŇ BILEN…

Günäsiz dil
Allatagala Musa aleýhyssalama şeýle diýýär: «Eý , Musa! Menden bir zat sorap dileg-doga edeniňde günäsiz dil bilen dileg-doga et!»
Şonda Musa (aleýhyssalam) haýran bolup: «Eý, Rebbim! Men nädip günäsiz dil bilen dileg edeýin? Meniň beýle dilim ýok ahyryn!» diýýär.
Allatagala bolsa: «Başganyň dili bilen dileg-doga et! Sebäbi sen başgalaryň dili bilen günä işläp bilmersiň. Sen şeýle bir haýyrly iş et, goý, adamlar gije-gündiz saňa dileg etsinler. Ýa bolmasa-da diliňi päkle! Allanyň ady päkdir. Ony zikir eden dil hem päklener» diýýär.
***
Bu döwürde işlenen bir günä şol durşuna galmaýar, artmak bilen bolýar. Bu sogap babatynda hem şeýledir. Sebäbi işlenen günä ýa-da haýyrly amal nähilidir bir sebäbiň, bir serişdäniň üsti bilen birbada müňlerçe göze, müňlerçe gulaga ulaşýar, müňlerçe kalba täsir edýär. Şeýlekin günäleriň agyr labyrynyň astynda ezilmekden diňe çäksiz uly haýyrly amallar halas edip biler. Bu bolsa diňe ruhy bileleşigiň saýasynda mümkin. Hawa, müminler şeýle bir ruhy bileleşik gurmaly welin, onuň haýyr ammaryna akan sogaplar göýä nur deýin hiç hili bölünmän, lomaýy bilen, kemsiz-kössüz bu bileleşigiň her bir agzasyna deň derejede baryp durmaly! Göz öňüne getirip görüň! Dünýäniň dürli künjünde dürli ýaşda, dürli kärde bolan, emma bir maksada gulluk edýän, dilinden Alla kelamyny düşürmeýän bigünä diller saňa-da dileg-doga edýär. Ine, şu hili ruhy bileleşigiň külli dileg-dogasyna paýdar bolmak akyllylygyň çür başy bolsa gerek.

Allanyň ady päkdir. Ony zikir eden dil hem päklener» diýýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s