ÝÜREGIŇ OWAZY…

GÖWNÜM
Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,
Diýme muňa öwündigim.
Otuza ser uran günüm
Ahyr bildim göwündigin.

Il derdine ters bakmadym,
Ony duşdan geçirmedim.
Gonşymyň için ýakmadym,
Hem oduny öçürmedim.

Aç bolmadym, ýöne weli,
Doklugymdan gägirmedim,
Ýigit kimin söýdüm ili,
Söýýän diýip gygyrmadym.

Ýöne şum iş gyssanynda,
Basylanda käte sussum,
Özüm däl, dost-ýarym üçin
Seni köpräk öne tutdum.

Bu türkmenin bahary deý
Ýaşlygymyz geçýär basym,
Il başyna düşen işden
Bizi hiç zat goramasyn.

Hakyň gözüne bakaly,
Şer iş ýerden göçer ýaly,
Ýüreklerde ot ýakaly,
Ojaklary öçürmäli.

Aglaly, bile güleli!
Myrat tapsyn maksat tutan.
Biz näm bolsak şo bolaly.
Bolsa bolýar, Eziz Watan!

GURBANNAZAR EZIZOW

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s