ÇYZGYNYŇ SYRLARY

2. Dowamy…

Mürit şazada

Şeýh Hamdulla halypalaryndan hatdatlygyň inçe syrlaryny öwrenip, olaryň üstünde uzak wagtlap işländen soňra hat ýazmagyň täze tärlerini oýlap tapýar. Bu tärleri kämil sungat derejesine ýetirip, halka ýayradýan şeýh Hamdullanyň töwereginde gysga wagtyň içinde sungatşynaslar ýygnanyp başlaýar. Şol wagtlar Amasýa welaýatynyň häkimi bolan şazada Beýazit hem şeýhiň ylmy halkasyna sypdyrman gatnaşýar. Heň düzüp aýdym döretjek derejede saza düşünýän, şygyr düzmegiň ussady, Osmanlynyň gelejekki patyşasy Beyazit II hatdatlyga elini öwrenişdirenden soň, şeýhiň dergähinden uçurym bolýar. Şeýlelikde, şeýh Hamdulla bilen şazadanyň arasynda ruhy ýakynlyk döreýär.
Aradan esli ýyl geçýär. 1481-nji ýylda taryhda täze bir eýýam açan beýik Osmanly soltany Fatih Mehmet tarpa-taýyn aradan çykýar. Bu habardan soňra tagt mirasdüşeri şazada Beýazit paýtagta tarap ýola düşýär. Ol soltanlyk täjini geýenden soň, halypasy Hamdulla hezretlerini hem Stambula çagyrýar. Ýöne soltan Beýazit II öz dogany Jem Soltan bilen dowam edýän tagt dawasy sebäpli halypasynyň halyndan habar almaga wagty bolmaýar. Soň bir gün Hamdulla hezretleri Stambula tarap ýola düşýär. Ol ýere barandan soň garyndaşlary bolan iki sany amasýaly hatdatyň öýünde myhman bolýar. Emma gelenini patyşa habar etmeýär. Günlerde bir gün köşk emeldarlarynyň biri patyşa ibermek üçin şeýhe hat ýazdyrýar. Ony hatyndan bada-bat tanan soltan Beýazit II haty ýazany dessine tapyp, huzuryna getirilmegini buýurýar. Şeýdip, Hamdulla hezretleri bilen täzeden tapyşan soltan wepaly dostuny, ussadyny hemişe ýanynda saklaýar. Ol şeýhiniň sohbetlerine gatnaşyp biler ýaly hem-de halypasyna Kelamy-Kadymy (Kuran) ýazdyrmak üçin köşgüň içinde dershana gurdurýar. Şeýlelik bilen, soltanyň halypasy Hamdulla hezretleri hem köşk kätibi hem-de hat öwredýän mugallym hökmünde hatdatlyk sungaty bilen meşgul bolýar. Şeýh mundan soň ýazan ähli hatlarynda «Kätibus-Sultan Beyazit Han» tahallusyny ulanýar.

Halypasyna syýadan tutup berýän patyşa

Soltan Beýazit II hem pederleri ýaly ylym-bilimiň, sungatyň hak hossarydy. Onuň halypasyna bolan söýgüsi, hormaty şeýle bir uludy, hatda halypasy hat ýazýan wagty, onuň syýadanyny tutyp berýärdi, arkasyna-da ýassyk direýärdi. Belki-de, şeýh Hamdulla ýaly sungat ägirdiniň içki hyjuwyny, bütin gaýratyny owadan eserleri döretmäge sarp etmegine, kämil şahsyýet bolup ýetişmegine Soltan Beýazidiň şeýhine bolan söýgüsi, ylma, sungata beren uly goldawy sebäp bolandyr.
Ýöne soltanyň şeýh hezretlerini hormatlap, oňa mydama törden orun bermegi käbir alymlaryň göriplik damaryny oýandyrýar. Bu ýagdaý soltanyň hem gulagyna degýär. Bir gün patyşa şeýh Hamdullanyň hem gatnaşan mejlisinde onuň owadan hat bilen sünnäläp ýazan ajaýyp Kurany-Kerimini oturanlara görkezip, wezir-wekilleri, alymlary aňk edýär. Soňra huzuryndaky alymlaryň eserlerini bir-birden ýygnap, olardan «Bu owadan hatly Kurany bu kitaplaryň niresinde goýaýyn?» diýip soraýar. Alymlar «Kuranyň üstüne başga bir kitap goýup bolmaz, elbette, biziň kitaplarymyzyň üstünde goýmaly» diýip jogap berýärler. Şonda ugurtapyjy patyşa «Kurany Kerimi şeýdip owadan ýazyp bilýän başga adam ýok. Onsoň men nädip ony sizden pes göreýin?!» diýip, meseläni düýp-teýkary bilen çözüp göýberýär.
Soň bir gün ylmy söhbetleriň birinde oturan patyşa hatdat Ýakutyň patyşa hazynasynda saklanylýan ýedi sany ajaýyp ýazgysyny çykaryp getirdip, «Şu hat görnüşinden başga-da täze bir usul, tär tapylsa gowy bolardy» diýip, şeýh Hamdulla hezretlerine sala salýar we hatdatlygyň inçe tärlerini has-da ösdürmäge, täze usullar gözlemäge şeýhine itergi berýär. Şol güne çenli «aklamaýi-sitte» diýip atlandyrylýan alty görnüş hatdan hemişe Ýakutul-Musatasiminiň özleşdiren ýoly ulanylýardy. Şeýh Hamdulla hem şu ýola eýerip ýazýardy.

Ylahy nygmat

Şeýh hezretleri soltan Beyazidi-Weliniň tabşyrmagy bilen kyn işi gerdenine alypdy. Her sungatyň içinde döreýän täzeliklerde adamyň zähmeti bilen zehininden başga gaýypdan gelýän ylhamyň hem täsiriniň bardygy şübhesizdir.
Şeýhiň hünärini doly açyp görkezip bilmegi üçin ylahy tarapdan berlen ylhama mätäçlik çekýärdi. Ýagny «kemaly-ýedi» diýilýän täriň kämilleşmegi üçin ylahy kömek gelmelidi. Munuň üçin bolsa bu meseläniň dert-yzasyny çekmelidi. Şeýh Hamdulla şu niýet bilen erbaýine girýär. Ilki gezekde bolmansoň, erbaýini birnäçe gezek gaýtalaýar.
Şeýh Hamdulla Ýakutyň eserlerine öz sungat düşünjesini, özleşdiren tärlerini çaýyp, üýtgeşik bir röwüşde täze eser çykarjak bolup jan edýärdi. Onuň hatdatlygyň täze ýoluny tapmak üçin nähili hunabalary ýuwdandygyny Müstakimzade Süleýman «Tuhfe» atly eserinde şeýle beýan edýär: «Şeýh Hamdulla özünden öňki ýaşap geçen ussatlaryň, ylaýta-da Ýakutyň ýazgylaryny ençeme günläp üns bilen synlady. Olaryň ýazgylaryndaky käbir bärräkden gaýdylan, kemterräk düşülen ýerleri öwrenip, harpdyr-çyzgylaryň nirede nähili durmalydygyny, olaryň setirlerdäki sazlaşygyny aňynda çyzyp goýupdy. Ýöne aňyndaky şol çyzgylary kagyza geçirmek üçin her näçe jan etse-de boluberenokdy. Şeýh Hamdullanyň çekýän bu görgüsi esli gün dowam etdi. İne, şeýle günleriň birinde hezreti Hyzyr (a.s) geldi-de, bir gysym bolup oturan şeýhiň elinden tutup, her harpyň ýazylyşyny öwredip, onuň ýüküni ýeňletdi oturyberdi. Şeýh hezretleri muny çeken yzalarynyň öwezine bagyş edilen ylahy sowgat hökmünde kabul etdi hem-de göz öňüne getiren hatyny gysga wagtyň içinde ýazga geçirdi».
Hawa, şeýh Hamdulla, hakykatdanam, bu işi gysga wagtyň içinde ylahy ýardamyň netijesinde amala aşyrypdy.

Dowamy bar…

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s