INÇE SUNGAT

3. Dowamy…

Hatdatlykda täze täriň döreýşi

Şeýlelik bilen, takmynan, 1485-nji ýylda şeýh Hamdullanyň hatdatlyk sungatynda «Şeýh Hamdulla täri» diýen täze bir sahypa açmagy bilen Osmanly döwletinde hatdatlygyň Ýakut döwri öz möwritini tamamlaýar. Bu hakda:
Şeýhogly Hamdy täze hatdatlyk tärin tapdy,
Äleme äşgär Ýakut täri möwritin ýapdy.
diýen goşgy setiri hem aýdylypdyr. Häzirki Türkiýeden başga-da dürli ýurtlaryň muzeýlerinde hem nijeme ajaýyp eserleri duran beýik ussat şeýh Hamdullany «Türk Rafaýeli» diýip atlandyranlar hem bolupdyr.
Ekrem Hakky Aýberdi şeýh Hamdulla baradaky seljermesinde «Şeýhiň döreden ýazgysyndaky inçeden yzarlamalar we bu sungata getiren uly öwüşgünlerinden başga-da, tehniki tarapdan egri çyzyklar bilen şol döwre çenli birsydyrgyn dowam edip gelen hatyň galyňlyklaryna, harp we sözleriň kese hem-de dik böleklerine üýtgeşik bir gözellik goşýar» diýip belleýär. Bu usul bolsa Osmanly ýazgysyny bäş asyrlap, beýleki musulman milletleriň ýazgylaryndan göz-görtele tapawutlandyryp gelipdi.
Hatdatlyk sungatynyň ägirt ussady kyrk ýedi sany Kurany-Kerim, Enamy-Şerif, Kuranyň jüzleri, doga-dileg kitapçalary, goşgy setirleri we nusgalyk ders ýazgylary ýaly biri beýlekisinden gymmatly eserleri miras galdyrdy. Biziň döwrümize gelip ýeten eserleri muzeýlerde, kitaphana we hususy kolleksiýalarda görnükli ýerde durýar. Munuň bilen birlikde onuň Stambuldaky Beýazit, Firuzaga, Davutpaşa we Edirnedäki Beýazid metjitlerini bezeýän ýazgylary sözümiziň aýdyň delilidir.

«Özi kiçi, günäsi uly Hamdulla»

Eserlerine «Ibnuş-Şeýh» (Şeýhiň ogly) diýip gol çekýän bu pespäl ynsanyň hiç bir eserinde «Şeýh Hamdulla» diýip, yz galdyran ýerine gabat gelinmedi. Şol döwrüň iň uly sungat adamsy bolandygyna garamazdan, özüne hiç hili buýsanmaýan, eserleriniň aşagyna «Özi kiçi, günäsi uly Hamdulla» diýip gol çekýän bu ägirt hatdat ajaýyp eserleri bilen birlikde nijeme şägirt ýetişdirýär. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň sany-sajagy ýok. Bir asyryň dowamynda hatdatlyk bilen meşgullanýan, özi hem şeýh Hamdullanyň ýoluna eýerýän on iki sany meşhur hatdat anyklanyldy. Bu hatdatlyk sungatynyň taryhynda görlüp-eşidilen zat däl. Şeýh Hamdulladan soňky ýetişen hatdatlar hem eserlerini hemişe onuň hatyna meňzetjek bolup dyrjaşýarlar. Olaryň haýsy biri şeýhiň ýoluna eýermekde meşhurlyk gazansa, «şeýh ýaly ýazdy» ýa-da «Şeyhi-Sani» (ikinji şeýh) diýip atlandyrar ekenler. Bu ýagdaý ýüz elli ýyl dowam edýär.

Pähimli halypa


Şeýh Hamdulla hatdatlykdan başga-da ençeme hünäri kemsiz özleşdiren ezber adamdy. Edil hatdatlykda bolşy ýaly, ýaýdan ok atmakda hem tanymaldy. Ol 1505-nji ýylda okuny 730 metr aralyga atyp, rekord goýmagy başarýar. Ok atylýan meydançada onyň rekordyny tassyklaýan daş goýýarlar. Bu daşyň ýüzüne-de «El-menzili Hamdullah Ibnuş-Şeýh Reisul-Hattatin, Şeýhur-Rahman» (Hatdatlaryň ýolbaşçysy we okçylaryň şeýhiniň menzili) diýip ýazylýar. Şeýh Hamdulladan soňky gelen hatdatlaryň ýaý atmaga höwesjeň bolmaklary hem, belki, şu sebäpdendir.
Soltan Beýazit II ruhy we beden taýdan kämil ussadynyň ýaý atmakdaky ezberligini görenden soň, ony Ýaýçylar jemgyýetiniň şeyhligine, häzirki döwrüň dili bilen aýtsak, Ýaýçylar federasiýasynyň başlyklygyna belleýär.
Şeýh Hamdulla ýüzmekde hem öňüne adam geçirmändir. Ol Stambulyň Üsküdar mähellesinden Saraýburny mähellesine çenli ýüzüp gidip biljek derejede ökde bolupdyr. Ussat aram-aram egin-eşiklerini başyna orap, hat-petegini hem agzyna gysdyryp, Üsküdardan suwa girýän eken-de, edil suwuň üstüne aýbogdaşyny guran ýaly, akyma göra hereket bilen ýüzüp gidişine Sarayburnundan çykyp, şol ýerde hem geýnäge-de Topkapy köşgüne sapak bermäge gider eken.
Ussadyň ukyplary munuň bilen hem gutaryberenok. Ol bürgüt awlamakda, possun tikmekde hem ökde bolupdyr. Soltan Beýazit II-niň geýen possunlarynyň tikininiň nirededigini hiç kim bilip bilmändir.
Segsen ýaşynda-da titremän galam tutan el
Beden bilen ruhuň arasyndaky deňagramlylygy saklamagy başaran şeýh Hamdulla käte adamlardan çetleşip, özüni tagat-ybadata berer eken. Aýratynam, soltan Beýazit II aradan çykandan soň, Älemdagynyň Sarykazy diýen obasynda ýalňyzlyga çekilip, dünýeden halys eli sowaýar. Bu mübärek ynsan garrap, kellesi saňňyldasa-da eli hiç wagt saňňyldamandyr. Ol segsen ýaşyndaka ýazan Kurany-Kerimiň nusgasynda: «Soltan Beýazidiň kätibi bolan hatdat saçlary agaryp, segseni arka atsa-da muny nädip ýazyp bilýär?! Ynsap we iman bilen nazar kyl!» diýen bellik goýupdyr.
1520-nji ýylyň dekabr aýynda segsen alty ýaşynda dünýesini täzelän «Kutbul-Küttab» Üsküdar-Garajahmet töwereklerinde Şeýh Sofasy ady bilen tanalýan mazarystana jaýlanylýar. Şeýh Hamdulla şeýle bir pespäldi, hatda guburyna goýlan daşyň ýüzüne öz adynyň ýazylmagyna hem rugsat bermändir. Tanymal hatdat Hafyz Osman iň bolmanda ruhuna «Fatyha» okalsyn diýip, onuň guburyna adyny hernäçe ýazasy gelse-de, ussadynyň wesýeti bolany üçin iki göwünli bolýar. Müstakimzadanyň ýazmagyna göra, gubura at ýazmaga meşhur hatdatlardan Şahin Aga ýürek edýär we: «Reisül-hattatin Hamdullah el-Maruf bi Ibniş-Şeýh rahmetullahi aleýh» diýip ýazdyrýar. Bu wakanyň geň tarapy bolsa, Şahin Aga şol ýazgyny ýazdyrandan soň bir hepde geçip-geçmänkä amanadyny tabşyryp, Allanyň huzuryna rowana bolýar.
Il arasynda şeýh Hamdullanyň hormaty şeýle bir uly bolupdyr, käbir hatdatlar dünýeden ötenlerinde, ussadyň ýanynda jaýlanmagyny özlerine abraý bilipdirler. Ýaňy hatdatlyga başlan öwrenjeler hem galamlaryny şeýhiň guburynyň gumuna bir hepde gömüp goýup, ondan soň şol galam bilen ýazsalar, bereketli bolar diýip halypalaryndan teperrik umyt edipdirler.
Ýol dowam edýär
Aradan bäş asyr geçse-de, ylym-bilim, sungat älemine, aýratynam alty görnüşli ýazgyda ajaýyp eserler döredip, ýönekeý çyzyklary şygyr bilen wasp edibermeli nepis sungat halyna getiren şeýh Hamdulla uly sarpa goýup, ýagşylykda ýatlaýarys. Biz bu hat ussadynyň özünde hem-de sünnäläp ýazan ajaýyp ýazgylarynda milletimiziň dünýägaraýşyny, ägirtligini, agraslygyny, erjelligini, imanyny, Haka bolan söýgüsini aý-aýdyň görse bolýar.
Biz bu ýazgymyzda yslam hatdatlyk sungatyna degişli, hem okap ybrat alynýan hem-de abstrakt surat ýaly diwara asylyp pikirlendirjek, döwrebap suratyň öňdebaryjylaryndan Pikasso suratkeşe: «Meniň surat bilen barmak isleýän iň soňky sepgidime yslam hatdatlygy bireýýäm barypdyr» diýdiren hatdatlyk sungatymyzy täzeden öňki durkuna getirilip, kämmilleşdirilmegi üçin ýaşlarymyzda gyzyklanma döretmegi hem-de bu hatdatlygyň nejeme ägirtlerinden ozan, hakyky sungat adamlaryny ýetişdirip, dabarasy dag aşan şeýh Hamdulla ruhuny şat etmegi niýet edindik.

Pikasso ýaly suratkeşe: «Meniň surat bilen barmak isleýän iň soňky sepgidime yslam hatdatlygy bireýýäm barypdyr» diýdiren hatdatlyk sungaty.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s