GÖZLI KÖR…

… gözli bolup, köre degmez
Hoja Nasreddin Efendi çaýhanada oturanlara garap:
– Al-aýt, halaýyk! Ertirden bäri siziň atlaryňyzy synlaýaryn. Edil şü bir almany iki bölen ýaly bir-birine meňzeş-aýt bular – diýýär. Çaýhanada oturanlaryň birisi:
– Boýlary deň däldir. Ölçäp göräý – diýip akyl satýar. Hoja Nasreddin hem ýöriteläp baryp, atlaryň boýlaryny ölçäp çykýar. Gelibem:
– Hakyt boýlaram deň-aýt – diýýär. Gürrüň gyzyşýar. Başga birisi:
– Guýruklary tapawutlydyr, guýruklarynam ölçäp gör – diýip seslenýär. Ependi indi guýruklaryny ölçeýär. Bir haýukdan «Guýruklaram deň eken» diýip dolanyp gelýär. Oturanlaryň arasynda ýaşuly adamam bar eken. Ana, şol ýaşuly:
– Hökman bir tapawutlanýan tarapy bolaýmaly. Gowuja edip barla, hany! – diýýär. Ependi ýaşulynyň aýdyşy ýaly edýär. Esli wagt eglenýär. Soňam gelip şeýle diýýär:
– Ýaşuly mamla ekeni. Ak atyň sagrysy gara atyňkydan ýumşagrak bolup çykdy.


Gözli körden beter kör bolmaz. Hawa, adam kesirlik, sowatsyzlyk körlügine duçar bolsa, iň ýamany şol. Şol zeýilli ynsan gözüniň görüp duran zadynam inkär edýändir. Iň gowy görnüşdenem bolgusyz manylary çykarar. Gülli-gülälekli baglyga eltseň, «meni zibillige alyp geldiň» diýip, ýer depip durandyr. Gowudan erbedi tapawutlandyryp bilmez. Dikdüşdiliginden ýaňa gözi gapykdyr.
Pygamberimiz (s.a.w) «Adamlar bilen akylynyň çatyşyna görä gepleşiň» diýipdir. Şahyr öz goşgusynda şeýle diýýär:
Neçün reňkden gür berýäň köre?
Söz aýtgyn ynsana aklyna görä.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s