«Dat günüňe!»
Möwlana hezretleri Meram metjidinden çykyp, şähere dogry barýarka, hristiýan ruhanysy bilen gabatlaşýar. Ruhany Möwlana bilen salamlaşýar. Şonda Möwlana hezretleri oňa şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
— Seniň ýaşyň ulumy ýa-da sakgalyň?
Ruhany:
— Men sakgalymdan ýigrimi ýaş dagy uly. Ol soň ösüp çykdy. Ýöne eýýäm agardy – diýýär. Şonda Möwlana hezretleri oňa şu nesihatyny edýär:
— Günüňe ýanaýyn! Ol senden soňra gelibem, agarypdyr, kemal tapypdyr. Seniň bolsa şol bolşuň. Şo-ol «garalygyň», şo-ol çigligiň. Henizem batyllyk batgalygyndan çykyp bilmän ýörsüň! Eger şu bolşuňa galsaň, kämilleşmeseň, dat günüňe!
Şondan soňra ruhany derrew şahadat kelemesini aýdyp, musulman bolupdyr.
Alla özüniň buýruklaryna etagat edýän gojany gowy görýär, ýöne etagatkär ýaş-ýetginjegi has gowy görýär. Şol sanda Alla asy ýaş ýigidi halamaýar, emma asy garryny beter ýigrenýär. Ynsan ýaşy ulaldygyça, akyly goýaldygyça kämilleşmek, imanyny artdyrmak bilen bolmaly. Ýyllar «mekdebinde» okap, ybratlar «sapagyna» giribem hakykat «dersini» almadyk ynsana «Dat günüňe!» diýäýmek galýar.
— Günüňe ýanaýyn! Ol senden soňra gelibem, agarypdyr, kemal tapypdyr. Seniň bolsa şol bolşuň. Şo-ol «garalygyň», şo-ol çigligiň.
