Türgenleşik
Bir gün tanymal, barly adamyň biri Möwlana hezretleriniň ýanyna gelip: «Tagsyr, sanalgym dolup, ölüm ýassygynda ýatyrkam, hiç hili ezýet çekmän jan tabşyrmagyň bir täri ýokmyka?» diýýär. Möwlana hezretleri oňa şeýle nesihat berýär: «Horezm ýaýlary nähili berk bolýar. Muny senem bilýäň. Hiç kim ökde ýaýçydan tälim alman, ony bir gezekde büküp, kiriş dakyp bilmeýär. Muny başarmak üçin esli wagt ýeňil-ýelpaýrak ýaýlarda türgünleşmeli bolýaň. Ölüm babatynda hem şeýle-dä. Şu wagtdan türgenleşip başlamak gerek. Munuň üçin ybadatyňy kemsiz berjaý et. Köpräk haýyr işle. Zekatyňy ber. Mal-emlägiňi hudaýýoluna ber. Beren wagtyň ýüregiň awunyp-awunyp gitsin. Jomart bol. Gerçek ýigit jomart bolýandyr. Bu seniň ýalylar üçin özüňi subut etmegiň iň oňaýly täridir. Muny pişe edinseň, perişdeler gelip, janyňy soranda, kynçylyk çekmersiň. Allanyň aňsatlyk bilen beren amanatyny ýeňillik bilenem tabşyrsyň. Haktagala: «Amanaty öz eýesine tabşyryň!» diýmeýärmi eýsem?! Şunlukda, Onuň «Müminleriň janyny alanyňyzda (olar) ezýet çekmesinler» diýen emrini berjaý edýän perişdeler janyňy alan wagty saňa ezýet çekdirmezler. Edil ýagdan gyl sogrulan ýaly ederler. Sähelçe-de agyry-ynjy duýmarsyň. Elbetde, perişdeler gysganç adamyňam janyny almaga gelýärler. Şonda-da onuň şol bolşudyr, gysgançlygydyr. Aňsat-aňsat janyny tabşyrasy gelmez. Dünýäden gitmejek bolup, aýagyny diräp durandyr. Ýöne nädende-de bolmaz, görgi ýamanyny görüp, jan berer. «Onuň janyny örtäp alarlar» diýlen aýat, ana, şo zeýilli gysgançlar hakyndadyr».
Mümini bezeýän iň gowy sypatlaryň biri hem jomartlykdyr. Jomartlyk Allanyň beren zadyny Alla üçin başgalara bermekdir. Jomartlyk – ile iň gowy görýän zadyňy ýaýdanman berip bilmegi başarmakdyr. Ýogsam, beren wagtyň özüň üçinem, alan üçinem üýtgeýän zat bolmasa, oňa jomarlyk diýip bolmasa gerek. Adam pahyr näme üçindir, «az hem bolsa sadaka bermek» ýörelgesine gypynçsyz uýýar, emma «iň gowy görýän zadyndan bermek» we «kän-känden bermek» kadalaryny welin, asyl huşuna getirmeýär. Hawa, bu dünýä gelenemizde ýanymyz bilen getirmedik we mundan göçen wagtymyz hem ýanymyz bilen alyp gitmejek zatlarymyza janyň-teniň bilen berilmek akyl işi däl bolsa gerek.
Mal-emlägini Allanyň ýolunda sarp etmegi endik endinen ynsanyň amanadyny tabşyran mahaly hiç hili ezýet çekmejekdigi dogrusyndaky buşluk habaryny bolsa Möwlana hezretlerinden eşitdik.
«Müminleriň janyny alanyňyzda (olar) ezýet çekmesinler»
