“PÄHIMLI HÖKÜM”

«Sen bolmasaň, Senem jan»
Ogry giren öýüniň penjerisenden çykmakçy bolanda, aýagy demir germewe ilip, aşaklygyna kelemenläp gaýdýar. Netijede aýagy döwülýär. Ol munuň üçin öýüň eýesini kaza arz edýär:
– Ogurlyk üçin giren öýümiň penjiresinden çykjak bolanymda, aýagym demir germewe ilägedin, ýykylyp aýagymy döwdürdim. Germew göwnejaý edilmändir. Şonuň üçinem öý eýesiniň üstünden arz etmäge geldim.
Kazynyň oňa haýpy gelýär:
– Görýämiň, adamyň edýän işine!? Heý-de, şeýtmek bolarmy?! Derhal öýüň eýesini gaşymda dikiň!
Ýasawullar öýüň eýesini südenekledip getirýärler. Öýüň eýesi kaza naýynjar garap:
– Belaň körügi germewi dakyp giden ussada. Ussa öz işini oňarmasa, meniň näme günäm bar?! – diýýär. Kazy:

  • Sen mamla. Seniň günäň ýok. Baryň-da, şol ussany tapyp getiriň – diýýär. Onsoň ussany getirýärler. Ussa:
    – Munda meniňem günäm ýok. Allanäme işläp durdum welin, golaýymdanjyk owadan geýnen bir zenan geçip gitdi. Ana, şoňa seredip, germewiň bir ujuny diwaryň içine salmagy unudaýypdyryn. Gep şo zenanda. Beýdip bezenibermek nämä gerek, meniň ünsümi bölüp – diýip jan ýandyrypdyr. Kazy ussany hem mamla saýýar. Şol bezemen zenany çagyrdyp getirdýär. Zenan:
    – Mende-de günä ýok, tikinçi günäkär. Şol bezemen lybasy tiken tikinçi. Ýeri, beýdip owadan tikmek nämä gerek diýsene. Eger şeýtmedik bolsa, ussa-da maňa seretmezdi. Hawa, hawa, maňa seretjek bolup, onuň ünsi bölünmezdi – diýip, aglamjyrapdyr. Kazy abaýly-abaýly gygyryp ugraýar:
    – Hany, derrew getiriň şol tikinçini!
    Onsoň tikinçini getirýärler. Kazy ahyry tikinçini asmaly edýär. Tikinçini daragajynyň aşagynda goýlan oturgyjyň üstüne çykarýarlar. Tikinçiniň boýy gaty uzyn bolansoň, dardan sallanyp duran ýüp tikinçiniň göbegine ýetip dur diýýär. Ýagdaýy kaza bildirýärler. Kazy känbir oýlanybam durmaýar:
    – «Sen bolmasaň, Senem jan!» Derrew goňşy obaň tikinçisini alyp geliň, muň ýerine şony asyň, şoň-a boýy gysga – diýýär.

Hakyt «tersiňky dürs boldy, dürsüňki telek» diýleni boldy. Bu iki hakykatyň ýeri çalşyk düşdi oturyberdi. Mekirligi, hilegärligi ene süýdi deýin emen, goýun derisine giren gelegurtlar hem sütem edýärler, hem edýän zulumlarynyň «azap hakyny» talap edýärler. Akylyň, ylmyň gazananlarynyň netijesinde öz dinleriniň ýalňyşlyklary ýüze çykansoň, «ogram özüne osar, orramsam» diýlenini edip, yslamyýete-de dil ýetirjek bolýarlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s