«Kaka, näme üçin Alla jany göremizok?»

Düýn däl-de, öňňin öýdýän. Beýleki otagda öz peýwagtyna oýnap ýören körpejäm birden ýanyma geldi-de: «Kaka, kaka! Näme üçin Alla jany göremzog-aý?» diýdi. Onuň bu sowalyna nähili jogap berjegimi bilmedim. Dogrusy, jogabyny bilýärdim, ýöne onuň bu ýaşdaky oslagsyz gyzyklanmasy meni aljyraňňylyga salan bolsa gerek. Hawa, şeýle bolmaly. Gürrüňi çöp-çalama urup, sypjak boldum. Olam muny aňýan ýaly, gözüni tegeläpjik, ýüzüme dikanlap garap dur. Jogabyny alman gitjek dälden. Birdenem kellämiň içinde ýyldyrym çakan ýaly boldy. «Seniň gözleriň kiçi. Alla bolsa örän uly! Ana, şonuň üçinem sen Ony görüp bilmeýäň!» diýdim. Täsin ýeri, oglum: «Hä, şeýlemi?» diýdi-de, hamala, şol sowaly bermedik ýaly, elindäki «Spaýdermenini» asmana galdyrdy-da: «Spaýdermen uçýar!» diýip, beýleki otaga bakan tutdurdy. Ýene-de oýny bilen boluberdi.


Megerem onuň ýaşyndaky körpeler üçin şol jogap ýeterlik bolarly. Şonda bu «kyn ýagdaýdan» sypsamam, sypdym welin, şuňa meňzeş sowallaryň yzynyň geljegi ikuçsyzdy. Diýmek, taýýarlykly bolmak gerek.


Ine, eliňizdäki şu kitaby ýazmak pikiri-de körpämiň «Näme üçin Alla jany göremizok?» diýen sowaly bilen döredi. Çünki şeýle kitap elimiň aşagynda taýýar dursa, bilesigeliji oglumyň ulaldygy saýyn üstüme ýagdyrjak, esasanam, Alla hakynda berjek sowallarynyň jogaby taýýar boljakdy. Galyberse-de, okap, ýazyp başlan çagy kitapdan özbaşyna-da öwrenip biljekdi.
Iň möhüm zat bolsa, kiçi ýaşdaky çagalaryň gyzyklanýan sowallaryna jogap berýän kitaby ýazyp bilsem, ondan diňe meniň ogul-gyzym däl, eýsem beýleki çagalaram peýdalanar. Galyberse-de, uly ýaşlylar hem şoňa meňzeş sowallaryň jogaby bilen gyzyklanýar ahyry. «Pylan soragyň-a jogaby ýokdur?!» diýip ýörenler hem az däl. Bütin ömrüne içini hümledip, oýuna gelen nähilidir bir sowaly bilýän kişiden soramaga çekinip ýörenem kän. Şu taýda bir zady aýratyn nygtap geçeýin: hergiz unutmaň! Eger kelläňize bir sowal gelýän bolsa, hökmany suratda jogaby bardyr.
Hawa, gadyrly körpeler! Siziň soraýan sowallaryňyzyň jogaby ululary hem gyzyklandyrýar. Şonuň üçin, körpeler, okap bolanyňyzdan soň, bu kitaby ejeňiziň, kakaňyzyň gözüne iläýjek ýerde goýmagy unutmaň! Kitaby goýuň-da, o taýdan ümsümje gaýdyň! Siz gidersiňizem welin, olar o ýana, bu ýana garanjaklarlar-da, kitaby garbap alarlar. Başda sahypalaryna göz gezdiren bolarlar. Soňam ürç edip okamaga durarlar. «Öwrenmek üçin hiç wagt giç däl» diýen söz ýöne ýöre dörän däldir!


Hormatly okyjy! Kitaby okamaga başlamankaň, şuny ýatladasym gelýär:
Bilmek isleýän zadyňy öwrenmek üçin kimdir birine sowal bermek aýyp däl. Çekinme-de soraber! Sowal özboluşly açardyr. Islendik sowal bir gapynyň açarydyr. Her bir gapynyň aňyrsynda bolsa size üýtgeşikden üýtgeşik dünýäler garaşýar.


Tas ýadymdan çykan ekeni. Sowal soramak şol bir wagtyň özünde doga-dilegdir, ýagny ybadat hasaplanýar. Sowal soramak «Men öwrenmek isleýärin», «Köp zada göz ýetirmek isleýärin», «Has ýakyndan tanamak isleýärin we has içgin görmek isleýärin» diýmegi aňladýar.
Körpejikler! Ine, şunuň ýaly dileg-dogalar bilen Alla ýüz tutuň! Goý, akylyňyza, kalbyňyza ylym nury çaýylsyn! Ýoluňyz ýagty bolsun!


«Kaka, näme üçin Alla jany göremizok?» atly şu kitapda Rebbimiz hakyndaky sowallara jogap bermäge synanyşdyk. Esere, esasanam, kiçi ýaşly çagalaryň kän gyzyklanyp soraýan sowallarynyň jogaplaryny girizdik.


Özkan Öze

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s