«Kaka, näme üçin Allany göremizog-aý?»

Çyndanam, Allany göresiň gelýärmi?! Çekinme, «Hawa, Allany göresim gelýär» diý! Bu ýalňyş däl. Seniň bu islegiň sebäbini bilýärin. Sebäbi meniňem Allany göresim gelýär.


Ýeriň ýüzüne nuruny saçyp duran şu Güni asmanda çyra ýaly asyp goýan Allany kimiň göresi gelmez?! Garaňky gijäni Aý hem-de milliardlarça ýyldyzlar bilen bezän Alla hakynda gyzyklanman, eýsem kim hakynda gyzyklanjak?! Şu Ýer togalagyna bir seret. Hakyt ägirt uly basketbol topuň bar-da! Täsin ýeri, ol nädip älem giňişliginde hiç zatdan ýapyşman durup bilýärkä?! Ýalňyşdym öýdýän. Duranog-a ol! Günüň töwereginden aýlanyp ýör-ä. Özem şeýle bir çalt aýlanýar welin, tizligini eşideniňde agzyň açylýar. Biziň ýaşap ýören şu Ýer togalygymyzy asman giňişliginde hiç zat bilen çaknyşdyrman, sapan ýaly aýlaýan Biribary, depämizi mawy asman bilen örten Beýik Barlygy, heý-de, ýakyndan göresiň gelmezmi?! Mawy asmanda lemmer-lemmer bulutlary bu taýdan o ýere, o taýdan başga bir ýere gezdirýän, şol bulatlaryň içine köllere, deňizlere barabar suwlary sygdyryp, islän ýerine gatnadýan Allany meniň-ä göresim gelýär! Haýran galmaly, şol bulutlardaky suwlary topbagy bilen üstümizden inderibermeýär, eýsem damja görnüşinde ýagdyrýar. Bir gar tozgajygy beýleki bir gar tozgajygyndan düýbünden tapawutlanýar. Ine, şu zatlaryň hötdesinden gelýän Allany görmek islegiň tebigy ýagdaý.


Agaçlara bir seret! Topragyň içine çümen kökleri bilen ýer astyndaky hapa suwdan içýärler. Şahalarynda bolsa ülje, alma, garaly, şetdaly ýaly tagamy biri-birinden tapawutly süýjüje miweler ýetişýär. Müň bir däneli narlary berýär. Ine, şu işleriň hötdesinden gelýän Allany kimiň göresi gelmez?!


Sen, ana, şonuň üçin «Näme üçin Allany görüp bilemok?» diýip soraýarsyň. Sen dogry sowal berýäň! Seniň bu islegiň ýerlikli. Seniň muňa hakyň bar. Saňa düşünýärin. Meniňem Allany göresim gelýär. Ony ýakyndan tanap, Oňa bolan söýgimiň artmagyny isleýärin. Gülzarlyga seret! Ynha, gülälek, ine-de bägül, honha-da läle – her hili güller ösüp otyr. Al-elwan, reňbe-reň gülleri biri-birinden owadan, hoşboý ysly edip ýaradan Allany, elbetde, her kimiň tanasy, göresi geler.
Tas ýatdan çykan ekeni. Şahadan şaha böküşip ýören serçeleri ýa-da äpet-äpet leglekleri, ýa bolmasa-da gäminiň üstündäki adamlaryň oklajak çörek böleklerini peýläp, gaýmalaşyp ýören çarlaklary göz öňüne getir. Käbir guşlar ganatlaryny tiz-tizden kakýan bolsa, başga bir guş ganatlaryny ýuwaşjadan ýelpäp uçýar, ýene biri ganatlaryny giňden açyp, ýeliň ugruna gaýyp barýandyr. Käbiriniň sesi ýakymly bolsa, käbiriniň tüýleri enaýy. Käbiri bolsa höwürtge ýasamagyň ussady. Olaryň şol bir ýerde uçup durşuna, emaý bilen balasynyň çüňkjagazyna iýmiti gysdyryşyny diýsene!
Guşlara şu hili ýaradylyşy, şeýle täsin ganatlary, penjeleri, sesleri beren Alla hakda hemme zatdan köp bilesim gelýär. Senem şeýle. Şonuň üçinem «Näme üçin Allany göremok?» diýip soraýarsyň. Muňa seniň hakyň bar. Meniňem hakym bar. Ikimizem mamla.


Öýjük bolup mähriban käbäň göwresine düşeniňden soňra, kem-kemden, dura-bara adamjyga öwrülmegiň gudrat däl-de, näme eýsem?! Heý-de gyzyklanmaz ýalymy?! Seniň şu eljagazyň, barmajyklaryň, ýüzüň, gözüň, diliň, gulajygyň, mymyk saçyň, gaşyň şol garaňky ýerde böleklere bölüne-bölüne, köpele-köpele, ösüp ulalan bary-ýogy iki sanyjak öýjükden emele geldi. Ýüregiň, öýkeniň, böwregiň, beýniň ýaly bir topar agzaň ýerli-ýerine goýlup, işlemäge başlady. Ynha, indem sen Alla hakda gyzyklanýarsyň. «Diňe meni däl, her bir zady şeýle oňat gurluşda ýaradan Allany näme üçin görüp bilemok?» diýip soraýarsyň. Seniň bu soragy bermäge hakyň bar. Bu iň başda bilinmeli zat!


Indi bolsa seniň bu sowalyňa jogap bermäge synanyşaýyn! Emma ilki saňa käbir zatlary ýatlatmakçy. Meni sabyr bilen diňlemeli bolarsyň! Sebäbi, kiçijik dostum, seniň bu sowalyň ýöne-möne sowal däl. Gaty çetin we örän ähmiýetli sowal. Bu hili sowallaryň jogaby hem wagt talap edýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s